Oktýabr aýynda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler

  • 22.09.2023 17:32
  • 8.1k+

Oktýabr aýynda Özbegistanda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçiriler. Bu barada özbek Lideri Şawkat Mirziýoýewiň Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginiň barşynda bellenilip geçildi.

Söhbetdeşligiň barşynda özbek Lideri türkmen kärdeşini doglan güni bilen gutlady.
Şeýle hem ikitaraplaýyn gün tertibiniň we sebit hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan meseleleri barada gürrüň edildi.


şu gün 15:00
3.5k+

Osakada EXPO-2025 sergisinde Türkmenistanyň pawilýonyna baryp görenleriň sany bir milliona ýetdi

Ýaponiýanyň Osaka şäherinde dowam edýän EXPO‑2025 Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň milli pawilýonyna baryp gören myhmanlaryň sany bir milliondan geçdi. Bu barada serginiň guramaçylary habar berdi. Millionynjy myhman sergi döwrüniň ortalarynda bellige alyndy...

düýn 13:36
5.7k+

Türkmenistanyň we Özbegistanyň daşary işler ministrleri öňde boljak bilelikdäki çäreleri maslahatlaşdylar

28-nji iýulda Türkmenistanyň wise-premýeri, daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Özbegistanyň daşary işler ministri Bahtiýor Saidowyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Özbegistanyň DIM-niň habar bermegine görä, taraplar iki ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy berkitmek, hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ösdürmek hem-de öňde boljak sebit we halkara çäreleri ara alyp maslahatlaşdylar...

düýn 13:13
4.1k+

Bakuwda türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi

28-nji iýulda Bakuwda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň arasyndaky Ykdysady we ynsanperwer ugurlarda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki Hökümetara toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň wise-premýeri Nökerguly Atagulyýewiň we Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarowyň başlyklyk etmeginde geçirildi...

28.07.2025 14:47
2.6k+

Türkmenistanyň biržasynda geçen hepdede baglaşylan geleşikleriň bahasy 96 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 19-sy hasaba alyndy. Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 96 million 517 müň dollaryndan gowrak boldy. Daşary ýurt puluna Birleşen Arap Emirlikleriniň, Türkiýäniň we Owganystanyň telekeçileri “Türkmenhimiýa” döwlet konserniniň kärhanasynda öndürilen suwuklandyrylan gazy, karbamidi satyn aldylar...