Şawkat Mirziýoýew telefon arkaly Serdar Berdimuhamedowy doglan güni bilen gutlady

  • 22.09.2023 17:21
  • 14k+

22-nji sentýabrda, şu gün Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon söhbetdeşligi boldy. Bu barada özbek lideriniň resmi saýty habar berýär.

Dostlukly ýurduň lideri Türkmenistanyň Baştutanyna berk jan saglyk, bagt we özygtyýarly Watanyň gülläp ösmegine hem-de türkmen halkynyň abadançylygyna gönükdirilen köp ugurly we jogapkärçilikli döwlet işlerinde üstünlik arzuw edip, doglan güni bilen tüýs ýürekden gutlady.
Doglan güni mynasybetli mähirli gutlaglar we hoşniýetli arzuwlar üçin tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň dostlukly ýurdy bolan Özbegistan bilen gatnaşyklaryna ýokary baha berýändigini aýtdy. Bellenilişi ýaly, soňky ýyllarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlyk giň ugurlarda ösüp, hil taýdan täze derejä çykdy.


düýn 19:01
951

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......