Şu gün dünýäde täze iPhone 15 smartfonlary, Apple Watch sagatlary we AirPods Pro nauşnikleri satuwa çykdy

  • 22.09.2023 14:45
  • 15k+

Awstraliýa, Hytaý we Ýaponiýa ýaly dünýäniň käbir ýurtlarynda Apple dükanlary eýýäm birnäçe sagat mundan öň açyldy we iPhone 15, iPhone 15 Pro smartfonlarynyň, Apple Watch Series 9, Apple Watch Ultra 2 sagatlarynyň we AirPods Pro nauşnikleriniň resmi satuwy başlady. Bu barada ixbt.com habar berýär.

Bu ýurtlarda täze önümleri öňünden sargyt eden müşderiler wagt tapawudy sebäpli olary eýýäm düýn alyp başladylar diýip, MacRumors ýazýar. Apple kompaniýasynyň täze iPhone 15 we iPhone 15 Pro smartfonlaryny alan muşdaklary Instagram, Twitter, Reddit sosial ulgamlarynda, forumlarda we beýleki sosial ulgamlarda suratlar we ilkinji täsirler bilen paýlaşýarlar.
Dünýäniň ähli ýurtlarynda, esasan, iPhone 15 Pro we iPhone 15 Pro Max modelleri öňünden sargyt edildi, şol sebäpli häzir Apple internet dükanynda bu modeller sargyt edilende, olara oktýabr aýynyň ahyryna ýa-da hatda noýabr aýyna çenli garaşmaly bolar. Adaty iPhone 15 modellerini tapmak beýle kyn däl.
Ýewropada täze önümleriň satuwy ýerli wagt bilen sagat 8:00-da başlar, şondan birnäçe sagat soň satuwlar Demirgazyk Amerikada başlar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...