Hünärmenler iPhone 15 Pro Max smartfonynyň kuwwatyna baha berdiler

  • 22.09.2023 14:29
  • 10k+

Apple kompaniýasynyň iň ýokary flagmany AnTuTu bençmarkynda rekord 1,64 million bal gazandy. Bu barada taslamanyň saýtynda habar berilýär diýip, lenta.ru belleýär.

Hyzmatyň wekilleri heniz satuwa çykmadyk iPhone 15 Pro Max smartfonyna baha berendiklerini aýtdylar. Synagda sekiz gigabaýt operatiw we bir terabaýt içerki ýada eýe bolan iň ýokary kuwwatly wersiýa boldy.
Synagyň netijesi boýunça, enjam 1 641 883 bal gazandy. Hususan-da, prosessor 39 müň bal, grafiki tizlendiriji 60 müň bal aldy. A16 Bionic prosessoryna eýe bolan iPhone 15 we 15 Plus smartfonlary heniz bençmarkda synagdan geçirilmedi. 2022-nji ýylyň güýzünde çykarylan iPhone 14 Pro Max bolsa synaglarda 1,47 million bal gazandy.
AnTuTu bençmarkynyň häzirki reýtingine görä, iPhone 15 Pro Max bazarda Apple kompaniýasynyň iň öndürijilikli smartfony boldy. Ýöne jemleýji reýtingde OnePlus Ace 2 Pro we Iqoo 11S ondan öňde durýar – Android enjamlary, degişlilikde, 1,648 we 1,645 million bal gazandylar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...