Ýulian Nagelsman Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi bolar

  • 22.09.2023 14:09
  • 5.3k+

Ýulian Nagelsman Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň täze baş tälimçisi bolar diýip, «Bild» habar berýär.

Germaniýanyň Futbol Assosiasiýasy (DFB) üçin 36 ýaşly hünärmen bilen diňe şertnamanyň soňky jikme-jikliklerini çözäýmek galýar. Hünärmen Ýewro-2024-den öň aýda 400 müň ýewro zähmet haky bilen şertnama baglaşar.
Germaniýanyň milli ýygyndysy Ýewro 2024-ni kabul edýär, şonuň üçin jemleýji tapgyra gönüden-göni gatnaşýar.
9-njy sentýabrda Ýaponiýa bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda haýran galdyryjy ýeňlişden (1:4) bir gün soň 2021-nji ýylyň maý aýyndan bäri bu wezipäni eýelän baş tälimçi Hans-Diter Flik topary terk etdi.
Nagelsman mart aýynda Germaniýanyň çempionlygyny (2022) we Super kubogyny iki gezek (2021, 2022) gazanan topary bolan «Bawariýanyň» baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Şeýle hem ol «Hoffenhaým» we «Leýpsig» toparlaryny türgenleşdiripdi.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....