Microsoft Windows-daky Paint-i kämilleşdirip, Photoshop-a meňzedýär

  • 21.09.2023 22:42
  • 5.1k+

Microsoft iň ýönekeý, mugt grafika redaktory bolan Paint-i kem-kemden döredijilik üçin peýdaly gurala öwürmäge ymtylýar. Kompaniýa Photoshop-yň esasy aýratynlyklaryndan birini Paint-de amal etdi: gatlaklar, ýöne ol diňe munuň bilen çäklenmedi.

Täzelenen Microsoft Paint Canary ýa-da Dev kanallarynda 11.2308.18.0 belgisi boýunça Windows Insider synag gurluşlarynda elýeterlidir. Ondaky esasy täzelikler gatlaklary we durulygy goldamakdyr.
Paint-iň täze wersiýasynda ulanyjylar gatlaklar bilen işlemek üçin zerur bolan esasy funksiýalary ulanyp bilerler - täze gatlak goşmak, ondan-oňa geçirmek we tertibini üýtgetmek, birleşdirmek, köpeltmek we ş.m.
Bu täzelenmäniň ýene bir möhüm bölegi, dury fonda PNG-niň faýllaryny açmak we ýatda saklamak ukybyny goşmak bilen durulygy goldamakdyr. Ozal Paint fon aýyrmak funksiýasyny synagdan geçirip başlady, indi durulyk üçin täze goşulan goldaw bilen doly doldurylýar.


19.05.2026 12:17
3.9k+

Geýtsleriň gaznasy Microsoft-daky paýyny doly satdy

Gates Foundation haýyr-sahawat gaznasy 2026-njy ýylyň birinji çärýeginde kompaniýanyň soňky 7,7 million aksiýasyny satyp, Microsoft-yň maýasyndan doly çykdy....

17.03.2026 20:39
811

Microsoft saglyk baradaky maglumatlary seljermek üçin Copilot Health hyzmatyny döretdi

Microsoft kompaniýasy täze Copilot Health hyzmatynyň işe girizilýändigini yglan etdi. Bu Copilot-yň içindäki goralan giňişlik bolup, onda ulgam ulanyjynyň saglygy baradaky maglumatlary seljerer we lukmançylyk maslahatlaryny berer...

23.02.2026 13:14
1.5k+

Microsoft-da Xbox oýun bölüminiň ýolbaşçysy çalyşýar

Microsoft kompaniýasynyň oýun bölüminiň (Microsoft Gaming) meşhur ýolbaşçysy Fil Spenser wezipesini tabşyrýar. Bu täzelik dünýäniň iň uly oýun ekoulgamlarynyň birinde täze döwrüň başlangyjyny aňladýar. Duşenbe gününden başlap, Microsoft Gaming-iň täze ýolbaşçysy wezipesine Aşa Şarma bellenildi...

14.02.2026 19:03
1.2k+

Windows 11-e wezipeler paneliniň (Taskbar) ýerini üýtgedip bolmak mümkinçiligi gaýtaryldy

Microsoft kompaniýasy Windows 11 ulanyjylarynyň iň köp soraýan aýratynlyklarynyň birini — wezipeler panelini ekranda erkin ýerleşdirmek mümkinçiligini yzyna gaýtarýar. Bu aýratynlyk Windows 95-den bäri bar bolsa-da, Windows 11-iň ilkinji wersiýalarynda diňe ekranyň aşagynda berkidilipdi...