Apple iOS-iň täze neslini çykardy

  • 21.09.2023 15:42
  • 13k+

Apple kompaniýasy iPhone-a birnäçe täze aýratynlyklary getirýän iOS 17-niň köpçülige niýetlenen görnüşini çykardy.

iOS 17-niň esasy aýratynlyklaryndan biri telefon kitabynda kontaktlaryň dizaýny üçin çeýe sazlamalardyr. Indi bir ýazga surat we özboluşly stil, fon we şrift belläp bilersiňiz. Munuň netijesinde telefon kitabyndaky kontaktlar adamlaryň sosial ulgamlardaky profiline meňzeş boldy.
Şeýle hem, iPhone-nyň ulanyjylaryna kontaktlary çalt alyşmaga mümkinçilik berýän NameDrop aýratynlygy bar. NameDrop-y işjeňleşdirmek üçin smartfonlary biri-birine ýakynlaşdyrmaly. Ondan soň ekranlarda aragatnaşyk ibermek we almak baradaky teklipler peýda bolar - ulanyjylar diňe hereketleri tassyklaýmaly bolýarlar.
Apple iOS 17-ä täze uky režimini goşdy. Indi zarýad berlende iPhone-yňyzy keseligine öwürseňiz, ekranda has köp widjet peýda bolar. Widjetler toplumyny “Garaşmak” menýusynda sazlap bolýar.
iMessage indi animasiýa stikerlerini goldaýar. Şeýle hem, hyzmat ulanyjylara habarlar üçin statiki we animasiýa şekillerini özbaşdak döretmäge mümkinçilik berýän gurallar toplumyny aldy. Täze “Aragatnaşykda” aýratynlygy ulanyjy kesgitlenen ugur boýunça iň soňky barmaly ýerine ýetmedik bolsa, iPhone-nyň ulanyjysynyň ýerleşiş maglumatyny ynamdar aragatnaşyklara iberýär.
Beýleki täzelikleriň sanawyna “Ýönekeýleşdirilen giriş”, “Şahsy ses”, “Incognito režimi” we ş.m. ýaly opsiýalar hem girýär.
iPhone SE 2th Generation-niň , iPhone XR-iň, iPhone XS-iň we XS Max-iň, iPhone 11-iň, iPhone 12-niň, iPhone 13-iň, iPhone 14-iň we iPhone 15-iň ulanyjylary iOS 17-i gurup bilerler.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...