DÖM-i ýerine ýetirmekdäki borçnamalar: BMG-niň sammitine gatnaşyjylar taryhy beýannamany kabul etdiler

  • 21.09.2023 15:27
  • 4.8k+

BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejeli hepdeliginiň bir bölegi bolan Nýu-Ýorkda geçirilen Durnukly ösüş maksatlary (DÖM) sammitinde dünýäniň liderleri 2030-njy ýyla çenli durnukly, giň gerimli we gülläp ösýän dünýäni gurmak baradaky köpçülikleýin borçnamalaryny görkezýän syýasy beýannamany kabul etdiler.

DÖM boýunça sammit duşenbe güni açyldy. Baş sekretar ony şu global Maksatlara ýetmek üçin “ýarpy ýolda” çagyrmak kararyna geldi: DÖM 2015-nji ýylda kabul edilipdi we 2030-njy ýyla çenli durmuşa geçirilmelidi.
BMG-nyň başlygy Antoniu Guterriş duşenbe güni geçirilen sammitde çykyş etmek bilen, Durnukly ösüş maksatlarynyň “global halas ediş meýilnamasyna” mätäçdigini aýtdy.
BMG-nyň hiç kimi yzda galdyrmazlyk baradaky iň möhüm ýörelgesini ýatlamak bilen, Guterriş häzir "Durnukly ösüşiň çägindäki maksatlary yzda goýmak töwekgelçiligini başdan geçirýäris " diýip belledi.
Ol: "Sekiz ýyl mundan ozal agza döwletler Durnukly ösüş maksatlaryny kabul etmek üçin bu zala ýygnanypdylar. Biz saglyk, ösüş we hemmeler üçin deň mümkinçilikler dünýäsini gurmagy wada edipdik. Bu - zalyň rahat oturgyçlarynda diplomatlar tarapyndan birek-birege berlen wada däl. Bu garyplygyň astynda ýegşerilip-ezilen we bolçulygyň dünýäsinde açlykdan heläk bolýan adamlara berlen wada bolupdy. ” – diýip belledi.
DÖM diňe bir maksatlaryň sanawy däl, Baş sekretar olaryň ýer ýüzündäki adamlaryň umytlarydygyny, arzuwlarydygyny we tamalarydygyny aýtdy; olar şu ýyl 75 ýaşyny doldurýan Ählumumy Adam Hukuklary baradaky jarnamanyň borçnamalaryny ýerine ýetirmekde ygtybarly ýoly üpjün edýärler.

"Häzirki wagtda göz öňünde tutulan maksatlaryň diňe 15 göterimi ýerine ýetirilýär – diýip, Antonio Guterriş sözüni dowam etdi. - Olaryň köpüsinde ösüş yza tesýär."


27.04.2026 02:06
4.2k+

Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky hemişelik wekili Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy

20-nji aprelde Türkmenistanyň Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) ýanyndaky täze bellenen hemişelik wekili Wepa Hajyýew guramanyň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ynanç hatlaryny gowşurdy. Bu barada......

24.04.2026 16:06
1.5k+

Türkmenistanyň BMG-niň Ösüş maksatnamasy bilen geljekki hyzmatdaşlygy maslahatlaşyldy

23-nji aprelde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa BMG-niň Ösüş Maksatnamasynyň (BMGÖM) Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan bilen duşuşdy. Bu barada daşary syýasat......

20.04.2026 21:27
2.7k+

Türkmenistanyň daşary işler ministri Antalýada halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen duşuşdy

2026-njy ýylyň 18-nji aprelinde Türkiýe Respublikasyna amala aşyrylan saparyň çäklerinde Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredowyň halkara guramalaryň ýolbaşçylary bilen birnäçe netijeli duşuşyklary......

15.04.2026 16:06
1.3k+

Türkmenistan BMG-niň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparyna saýlandy

2026-njy ýylyň 8-nji aprelinde BMG-niň Nýu-Ýorkdaky ştab-kwartirasynda Türkmenistan 2027-nji ýyldan 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Guramanyň ösüş üçin ylym we tehnologiýalar baradaky toparynyň agzalygyna......