Gonkong kriptowalýutalary ornaşdyrmak üçin iň taýyn ýer boldy

  • 21.09.2023 15:16
  • 4.8k+

Kriptowalýutalary ornaşdyrmak üçin iň taýyn ýurtlaryň we sebitleriň sanawynda Gonkong birinji ýeri eýeledi. Salgydyň bolmazlygy, kriptowalýuta awtomatlarynyň we kriptokompaniýalaryň köp sanly bolmagy ýurda öňe saýlanmaga  mümkinçilik berdi.

Forex Suggest dellalçylyk kompaniýasynyň seljerileri tarapyndan düzülen Worldwide Crypto Readiness Report hasabatynda görkezilişine görä, kriptowalýutalary ornaşdyrmakda iň taýyn ýurtlaryň we sebitleriň sanawynda Gonkong birinji orny eýeledi. Gonkong - Hytaýyň ýörite administratiw sebiti.
Gonkong Forex Suggest-iň reýtinginde yzly-yzyna iki ýyl bäri birinji ýerde durýar. 2023-nji ýylda şäher mümkin bolan 10 baldan 8,36 bal gazandy. Gonkong 0% salgyt stawkasy, köp sanly kriptowalýuta awtomatlary we bu ugurda işleýän kompaniýalar arkaly şeýle ýokary bala eýe boldy.
Şweýsariýa 8,18 bal bilen ikinji ýeri eýeledi, geçen ýyl ýurt üçünji ýeri eýeläpdi. Şweýsariýada köp sanly kriptowalýuta we blokçeýin kärhanalary bar hem-de raýatlar kriptowalýuta ulanmaga gyzyklanma bildirýärler diýip,  Worldwide Crypto Readiness Report-yň awtorlary ýazýarlar.
ABŞ 7,25 bal bilen üçünji ýerde durýar. Ýurtda kriptowalýuta bankomatlary köp, ýöne ştatlar kriptowalýutalary durmuşa ornaşdyrmakda taýýarlygyň dürli derejelerini görkezýärler. Ilkinji onluga Gruziýa, Sloweniýa, Kanada, Awstraliýa, Germaniýa, Bolgariýa we Panama girdi. Şol bir wagtyň özünde Sloweniýa, Kanada, Awstraliýa, Germaniýa hem-de Bolgariýa ilkinji onluga birinji gezek girdiler.
Reýtingiň awtorlary kriptowalýuta bankomatlarynyň sanyny, bu ugurdaky kanunçylyk düzgünlerini, salgyt salnyşyny, kriptowalýuta we blokçeýin kompaniýalarynyň sanyny, şeýle hem raýatlaryň sanly walýutalara bolan gyzyklanmasyny göz öňünde tutdy.


06.02.2026 09:27
2.6k+

Bitkoin 63 müň dollardan aşak düşdi: bu onuň ýeten iň ýokary görkezijisinden iki esse arzan

Binance biržasynyň maglumatyna görä, bitkoin kriptowalýutasynyň kursy Aşgabat wagty bilen sagat 01:55-de 62 345 dollara çenli pese düşdi. Bu görkeziji 2025-nji ýylyň oktýabr aýyndaky taryhy iň ýokary derejeden iki esse azdyr...

05.02.2026 18:27
4.3k+

Bitkoiniň pese gaçmagy zerarly tutuş kriptobazar tas ýarym trillion dollar ýitirdi

Soňky bir hepdede kriptowalýuta bazary, takmynan, ýarym trillion dollar ýitirdi: 29-njy ýanwardan bäri onuň kapitalizasiýasy 467,6 mlrd dollar azaldy. Esasy zarba bitkoine degdi, onuň pese düşmegi bitkoiniň gorag aktiwi hökmündäki ornuna şübhäni artdyrdy diýip, Bloomberg habar berýär...

01.02.2026 11:29
1.9k+

Bitkoiniň bahasy 11-nji aprelden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi

Bitkoiniň bahasy söwdalaryň barşynda 2025-nji ýylyň 11-nji aprelinden bäri ilkinji gezek 80 müň dollardan aşak düşdi. Muny Binance biržasynyň maglumatlary tassyklaýar. Aşgabat wagty bilen sagat 09:30-da bitkoin 78,9 müň dollar töwereginde bahalandyryldy, bu bolsa günüň dowamynda 5,20% pese gaçyşy aňladýar...

30.11.2025 09:16
10k+

Türkmenistanda maýningi we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän kanun kabul edildi

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýurtda kriptowalýutalaryň maýningini we kriptobiržalaryň işini düzgünleşdirýän "Wirtual aktiwler hakynda" Türkmenistanyň Kanunyna gol çekdi. Resminama 2026-njy ýylyň 1-nji ýanwaryndan güýje girer diýip, «Türkmenistan» gazeti habar berýär...