Redmi Note 13 16/512 GB ýada eýe boldy

  • 21.09.2023 15:08
  • 18k+

Xiaomi Group kompaniýasynyň prezidenti we Redmi brendiniň baş menejeri Lu Weýbing Redmi Note 13 Pro smartfony barada goşmaça maglumatlar bilen paýlaşdy. Ol Redmi Note 13 Pro-nyň 16 GB çalt LPDDR5 operatiw ýady we 512 GB UFS 3.1 fleş-ýady bolan wersiýada elýeterli boljakdygyny aýtdy. Şonuň üçin ulanyjylarda bir wagtyň özünde köp sanly programmany işletmek, öz suratlaryny we wideoroliklerini saklamak bilen bagly kynçylyklar ýüze çykmaz.

Mundan başga-da, Redmi Note 13 täze “akylly zarýad beriş mehanizmini” göterýän täze nesliň çalt zarýad beriş ulgamyna eýedir. Bu ulgam diňe bir smartfona çalt zarýad bermäge mümkinçilik bermän, eýsem akkumulýatoryň hyzmat ediş möhletini ep-esli uzaldýar.
Bary-ýogy 19 minutda smartfona 100% zarýad bermek bolýar, 1000 siklden soň bolsa öndüriji akkumulýatoryň galan sygymynyň 90%-den ýokary boljakdygyny kepillendirýär. Deňeşdirmek üçin: iPhone akkumulýatory 500 zarýad siklinden soň 80% galan sygymy saklamalydyr.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...