«Ahal» AFK-nyň Çempionlar ligasynda «Al-Feýha» saud klubuny ýeňdi

  • 20.09.2023 08:11
  • 25k+

Türkmenistanyň geçen ýylky çempiony «Ahal» futbol topary şu gün AFK-nyň Çempionlar ligasy 2023-24-iň toparçalaýyn bäsleşigindäki ilkinji duşuşygyny geçirdi. 19-njy sentýabrda “Aşgabat” köpugurly stadionynda geçirilen duşuşykda «Ahal» Saud Arabystanynyň “Al-Feýha” topary bilen güýç synanyşdy. Bu duşuşyk 1:0 hasabynda “Ahalyň” peýdasyna tamamlandy.

“Ahala” ýeňiş getiren topy oýnuň 51-nji minutynda Elman Tagaýew öz adyna ýazdyrdy.
“A” toparçanyň beýleki duşuşygynda BAE-niň “Al-Aýn” topary myhmançylykda Özbegistanyň “Pahtakor” toparyndan 3:0 hasabynda üstün çykdy.
Bu toparçada ikinji tapgyryň duşuşyklary 6-njy oktýabrda geçirilip, onda “Ahal” myhmançylykda “Al-Aýn” topary bilen, “Al-Feýha” bolsa öz meýdanynda “Pahtakor” bilen duşuşar. 


düýn 20:28
6.5k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

düýn 14:48
8.8k+

DÇ-2026-da drama: ABŞ-nyň oýnunda emin şikes aldy, Türkiýe ýaryşdan gaýdýar, Braziliýa 3 gol saldy

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyry garaşylmadyk wakalary we dartgynly pursatlary bilen dowam edýär. Ýaryşyň nobatdaky gününde ykbaly çözülen we yzly-yzyna göreşden çykan ilkinji ýygyndylar......

19.06.2026 17:01
8.2k+

Näme üçin DÇ-2026-da futbolçylar gülgüne butsyda oýnaýar

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynda dürli ýygyndy toparlaryň oýunçylary meýdança köpçülikleýin ýagdaýda gülgüne butsylarda çykýar. Bu tötänlik ýa-da türgenleriň arasyndaky gizlin ylalaşyk bolman,......

19.06.2026 14:17
7k+

Dünýä çempionaty – 2026: Meksika pleý-offda, Kanada Katary 6:0 hasabynda derbi-dagyn etdi

Futbol boýunça 2026-njy ýylda Meksikada, Kanadada we ABŞ-nda geçirilýän dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň ikinji tapgyry badalga aldy. Ýaryşyň eýeleri üçin çempionat örän üstünlikli dowam edýär....