Türkmenistanyň Prezidenti BMG-ni howpsuzlygyň bölünmezlik ýörelgelerini üpjün etmeklige çagyrdy

  • 20.09.2023 08:03
  • 8.9k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, BMG-ni howpsuzlygyň bölünmezlik ýörelgelerini üpjün etmeklige çagyrdy.

Döwlet Baştutany köp sanly sebäplere görä, häzirki zaman dünýäsiniň ençeme örän düýpli wehimleriň birnäçesi bilen ýüzbe-ýüz bolýandygyny belledi. Hormatly Prezidentimiziň aýdyşy ýaly, ýüze çykmagynyň aýratynlyklary bilen olaryň ählisi döwletara gatnaşyklarynyň barşyna azda-kände täsir edýär. Ählumumy gün tertibiniň esasy ugurlary boýunça ylalaşylan ösüş meýilnamalarynyň hem-de maksatnamalarynyň ýerine ýetirilmegine ýygy-ýygydan ýaramaz täsirini ýetirýär. Arkadagly Serdarymyzyň belleýşi ýaly, bu bolsa, öz gezeginde, Birleşen Milletler Guramasynyň esasy işi hökmünde ählumumy howpsuzlygyň düýpli sütünleriniň weýran bolmagyna getirip biler. Muňa, elbetde, ýol bermek bolmaz.
«Şundan ugur alyp, Türkmenistan köp ýyllaryň dowamynda howpsuzlygyň bölünmezligi we bitewüligi, onuň dürli ugurlarynyň bir-birinden aýrylmazlygy ýörelgesini berk we durnukly goraýar» – diýip, döwlet Baştutany nygtady. 

Prezidentiň aýdyşy ýaly, biz harby we syýasy howpsuzlyga ykdysady, ekologiýa, tehnogen, energetika, ulag, azyk, biologiýa, maglumat howpsuzlygyndan aýrylykda seredip bolmajakdygyna ynanýarys. Döwlet Baştutanynyň aýtmagyna görä, sanalyp geçilen ugurlaryň hiç biri ikinji derejeli ýa-da möhüm däl bolup bilmez, olary çözmegi bolsa, has giçki möhlete goýup bolmaz.

«Men Birleşen Milletler Guramasynyň baş wezipesi howpsuzlyk meselesine hut şeýle, utgaşykly çemeleşmegi üpjün etmekden ybaratdyr diýip hasaplaýaryn. Agza döwletleriň tejribesini, ygtyýarlygyny, ideýasyny we başlangyçlaryny döredijilikli ugra gönükdirmeli diýip pikir edýärin. Hakyky ykbal kesgitleýji maksatlara ýetmek üçin wagtlaýyn bähbitlerden we artykmaçlyklardan el çekmeli diýip hasap edýärin. Şol maksatlar pugta parahatçylygy we howpsuzlygy hem-de uzak döwür üçin ösüşi üpjün edip biler» – diýip, Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda aýtdy.


düýn 22:55
136

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......