Serdar Berdimuhamedow: Dünýäde BMG-niň ýerini tutjak edara ýok

  • 20.09.2023 07:56
  • 15k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, dünýäde BMG-niň ýerini tutjak edaranyň ýokdugyny aýtdy.

«Häzirki zaman dünýäsinde Birleşen Milletler Guramasynyň orny baradaky çekişmeler, ony özgertmek boýunça teklipler netijesinde, bu Guramanyň ýerini tutjak edaranyň ýokdugy üýtgewsiz we äşgär bolup galýar» – diýip, Prezident aýtdy. 

Döwlet Baştutanynyň aýdyşy ýaly, esaslandyrylan gününden bäri geçen onýyllyklaryň dowamynda bolşy ýaly, Birleşen Milletler Guramasy, häzirki döwürde hem parahatçylygy saklamak we ählumumy hem-de hemmetaraplaýyn howpsuzlygy, halkara gatnaşyklarynyň häzirki gurluşynyň durnuklylygyny üpjün etmek üçin jogapkär bolan ýeke-täk köptaraply we kanuny gurama bolup çykyş edýär. Munuň özi Türkmenistanyň düýpli garaýşydyr – diýip, Serdar Berdimuhamedow aýratyn üns çekdi. 
Prezidentiň belleýşi ýaly, şoňa görä-de, bolup geçýän wakalara hem-de meýillere oýlanyşykly, ideologiýalaşdyrylmadyk bahany bermek, dünýä syýasatynda ynamsyzlygy we gapma-garşylykly dartgynlygy ýeňip geçmek, ylalaşyk hem-de bähbitleri özara hasaba almak boýunça geljegi anyklamaga çalyşmak üçin, Bütindünýä Guramasynyň mümkinçiligini, syýasy-diplomatik guralyny, at-abraýyny yzygiderli we doly peýdalanmalydyrys.

«Muny diňe Birleşen Milletler Guramasynyň howandarlygynda aç-açan we dogruçyl gatnaşyklarda amala aşyryp bolar. Şeýle gatnaşyklary gazanmagyň ýönekeý bolmajakdygy äşgärdir. Şeýle-de bolsa, ol zerur bolup durýar» – diýip, Türkmenistanyň Prezidenti nygtady.  


düýn 22:55
213

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......