Serdar Berdimuhamedow: Biz Merkezi Aziýada howpsuzlyk boýunça birinji maslahaty Aşgabatda geçirmäge taýýar

  • 20.09.2023 07:49
  • 9.2k+

Prezident Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisindäki çykyşynda ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edýändigini aýtdy.

Döwlet Baştutanynyň belleýşi ýaly, ahlumumy we hemmetaraplaýyn howpsuzlygy gazanmak maksady bilen, Türkmenistan BMG-niň işine sebit meselesi beýan edilen garaýyşlary ornaşdyrmagyň zerurdygyndan ugur alýar. 
Prezidentiň aýdyşy ýaly, şeýle çemeleşme bilelikdäki işe gerek bolan takyklygy girizmek, onuň wezipesini hem-de netijeliligini ýokarlandyrmak üçin zerur diýip hasaplaýarys.

«Merkezi Aziýa – BMG ugry boýunça      inklýuziw, doly görnüşli we ulgamlaýyn dialogy ýola goýmagyň wagtynyň gelendigine ynanýaryn. Türkmenistan oňa girişmäge hyzmatdaşlary    hormat bilen çagyrýar»  – diýip, Serdar Berdimuhamedow öz çykyşynda nygtady.
«Şunuň bilen baglylykda, biziň ýurdumyz BMG-niň howandarlygynda Merkezi Aziýada we onuň bilen ýanaşyk zolaklarda howpsuzlyk boýunça Maslahaty döretmek başlangyjy bilen çykyş edýär» – diýip, döwlet Baştutany belledi. 

Prezident öz çykyşynda: «Biz birinji Maslahaty 2024-nji ýylda Aşgabatda geçirmäge taýýardygymyzy beýan edýäris» – diýdi.


düýn 22:55
136

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
9.9k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......

02.05.2026 08:13
2.5k+

Türkmen wekiliýeti Kazan, London we Baku şäherlerinde geçiriljek halkara çärelere gatnaşar

Türkmenistan 2026-njy ýylyň maý aýynda geçiriljek birnäçe iri halkara çärelerine işjeň gatnaşmaga taýýarlanýar. Anna güni geçirilen Hökümet mejlisinde wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredow bu......