Apple radiasiýanyň derejesi bilen bagly meseläni çözmek üçin iPhone 12-niň programma üpjünçiligini täzelär

  • 19.09.2023 21:33
  • 10k+

iPhone 12 smartfony fransuz kadalaşdyryjysynyň talaplaryna jogap hökmünde programma üpjünçiligi täzelenmesini alar. Ozal Fransiýanyň Milli ýygylyk boýunça guramasy enjamyň ýurtda satylmagyny wagtlaýyn gadagan edipdi.

Apple kompaniýasy radiasiýanyň ýokary derejelidigi bilen bagly meseläni çözmek üçin iPhone 12-niň programma üpjünçiligi täzelenmesini çykarar. Tehniki ägirdiň wekilleri bu barada Reuters-e habar berdi.

“Fransuz düzgünleşdirijileriniň teswirnamasyny ýerine ýetirmek üçin Fransiýadaky ulanyjylaryň programma üpjünçiligini täzeläris. IPhone 12 -niň Fransiýada gaýtadan elýeterli bolmagyna sabyrsyzlyk bilen garaşýarys "-diýip, Apple-de mälim etdiler.

Şu hepde Fransiýanyň Milli ýygylyk boýunça guramasy (ANFT) siňdirişiň derejesiniň bellenen çäkden geçmegi bilen ýurtda iPhone 12-ni satmagy wagtlaýyn gadagan etdi.
Görkeziji bir sekuntda adam bedeniniň dokumalaryna siňýän elektromagnit meýdanynyň energiýasyny kesgitleýär. Ol jübi telefonlarynyň adamlara ýetirýän zyýanly täsirlerini ölçemek üçin ulanylýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...