Nolanyň “Oppengeýmer” filmi taryhda iň köp girdeji getiren biografik film boldy

  • 19.09.2023 21:37
  • 9.1k+

Režissýor Kristofer Nolanyň atom bombasyny dörediji baradaky “Oppengeýmer” biografik filmi dünýä prokatynda 912 mln dollar ýygnap, baýopikleriň arasynda öňki rekord eýesini – Freddi Merkýuri baradaky “Bogema rapsodiýasy” filmini yzda galdyrdy. Bu barada rbclife.ru habar berýär.

“The Wrap” neşiri tarapyndan getirilýän maglumatlara görä, sazanda baradaky filmiň girdejisi 2018-nji ýylda 902 mln dollar boldy. Geçen dynç günleri Robert Oppengeýmer hakyndaky biografik filmiň girdeji ýygymy bu mukdardan 10 mln dollardan gowrak ýokary boldy. Bellenilişi ýaly, lenta studiýanyň garaşanyndan ýokary netije görkezdi. Prodýuserler Kristofer Nolanyň ekrana çykandan soň dünýäde 525 mln dollar ýygnan “Dýunkerk” filminiň derejesinde girdeji almaga garaşypdylar. 
Häzir “Oppengeýmer” 2023-nji ýylda iň köp girdeji getiren üçünji film we Nolanyň karýerasyndaky iň köp girdeji gazanan üçünji film boldy. Diňe “Gara rysar” we “Gara rysar: Rowaýatyň gaýtadan döreýşi” bu üç sagatlyk biografik filmden öňde durýar. Nolanyň “Oppengeýmer” filmi kinoteatrlarda ilkinji hepdede amerikan prokatynda günde 10 mln dollardan gowrak girdeji ýygnan R reýtingli (diňe ulular üçin) ilkinji film boldy.
Taryhy dramada baş keşbi Kilian Mýorfi ýerine ýetirdi. Bu onuň Nolan bilen ilkinji hyzmatdaşlygy däl – öň aktýor režissýoryň “Başlangyç” we “Dýunkerk” filmlerinde-de surata düşdi.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......