Ronaldu eýran klubundan haly sowgat aldy

  • 19.09.2023 21:13
  • 32k+

«Al-Nasryň» portugaliýaly hüjümçisi Kriştianu Ronaldu eýran klubundan haly sowgat aldy.

Futbolçy saud klubunyň düzüminde Aziýanyň çempionlar ligasynyň şu gün, 19-njy sentýabrda geçiriljek we Aşgabat wagty bilen 23:00-da başlajak “Persopolis” bilen oýny üçin Tährana geldi. Howa menzilinde eýran toparynyň wekilleri Ronalduwa haly sowgat etdiler.
TarafdariIR portalynyň habar bermegine görä, “Persopolisiň” prezidenti Reza Darwiş Ronalduwa we “Al-Nasryň” beýleki oýunçylaryna internete çäksiz elýeterlilik bilen ýörite sim-kartalaryň berlip bilinjekdigini aýtdy.


düýn 23:00
933

«Liwerpul» «Enfildiň» golaýynda Diogu Žotanyň hatyrasyna ýadygärlik goýar

«Liwerpul» futbol kluby Ispaniýada awtoulag heläkçiliginde aradan çykan toparyň oýunçysy Diogu Žota we onuň dogany Andre Teýşeýra da Silwa bagyşlanan «Forever 20» («Ebedi 20») atly ýadygärligi tanyşdyrdy....

düýn 19:36
2.4k+

Kýurasaonyň ýygyndysyny Dünýä çempionatyna ahyrsoňunda Dik Adwokat äkider

Meşhur niderlandly hünärmeni Dik Adwokat futbol boýunça Kýurasaonyň milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesine dolanyp gelýär....

düýn 09:28
2.9k+

Usman Dembele yzygider ikinji ýyl Liga 1-iň iň gowy oýunçysy diýlip ykrar edildi

Fransiýanyň futbolçylar bileleşigi (UNFP) «Pari Sen-Žermen» toparynyň hüjümçisi Usman Dembeleni Fransiýanyň Liga 1-inde 2025/2026 möwsümiň iň gowy oýunçysy diýip ykrar etdi. Futbolçy bu baýragy bassyr ikinji......

12.05.2026 23:00
10k+

Janköýerler Ronaldunyň milli ýygyndydaky iň soňky bolmagy ähtimal duşuşygy üçin 2500 dollar töleýärler

2026-njy ýylyň dünýä çempionatynda Portugaliýa we Kolumbiýa ýygyndylarynyň arasyndaky duşuşygyň petekleriniň bahasy «Superboulyň» nyrhlaryndan hem geçdi. Bu Olaryň şeýle uly gyzyklanmasynyň sebäbi, bu oýnuň......