Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň ýokary derejedäki hepdeligi açylýar

  • 19.09.2023 13:01
  • 9.3k+

Şu gün, 19-njy sentýabrda Nýu-Ýorkda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň çäklerinde ýokary derejedäki hepdelik açylýar. Bu çärä däp boýunça döwlet Baştutanlary, premýer-ministrler, daşary işler ministrleri, halkara guramalaryň wekilleri ýygnanýar. Ýokary derejedäki hepdelik 19-23-nji sentýabr aralygynda hem-de 26-njy sentýabrda geçiriler. Belläp geçsek, bu hepdelige Nýu-Ýorka sapar bilen baran Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hem gatnaşýar.

Koronawirus pandemiýasy başlany bäri, ilkinji gezek ýokary derejedäki hepdelik hiç hili arassaçylyk çäklendirmeleri bolmazdan geçirilýär. Hepdelige gatnaşyjylar çärelerde janly çykyş etmeli, wideoýüzlenmelere rugsat berilmeýär.
Ýokary derejeli hepdeligi 78-nji mejlisiň başlygy Dennis Frensis we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş umumysyýasy çekişmeleriň çäklerinde açarlar. Ondan soňra, däp boýunça ilkinji bolup, Braziliýanyň prezidenti Luis Inasio Lula da Silwanyň çykyşy bolar. Ondan soň ABŞ-nyň prezidenti Jo Baýden söz sözlär. Şeýle hem bu gün Ukrainanyň Prezidenti Wladimir Zelenskiýnyň çykyş etmegine garaşylýar. Şu gün meýilleşdirilýän çykyşlardan Eýranyň, Gazagystanyň we Gyrgyzystanyň Prezidentleriniň çykyşlary bar.


19.06.2026 19:47
1k+

Ak tam we Anthropic emeli aňyň howpuny kesgitlemegiň guralynyň üstünde işleýär

Ak tam we Anthropic kompaniýasy emeli aňyň täze modellerindäki gowşaklyklary bahalandyrýan ulgamy döretmegiň üstünde işleýär. Bu ulgam töwekgelçilikleriň derejesini kesgitlemäge we zerur bolan ýagdaýynda......

14.06.2026 15:10
1.3k+

Google kompaniýasy ABŞ-nyň federal kwant maksatnamasyna gatnaşmakdan ýüz öwürdi

Google kompaniýasy ABŞ-nyň kwant tehnologiýalaryny goldamak boýunça federal maksatnamasyna gatnaşmazlyk kararyna geldi. Kompaniýa maliýeleşdiriş şertleriniň iş ýüzünde peýdaly boljak kwant kompýuteriniň......

08.06.2026 18:54
4.4k+

Türkmenistanyň DIM-iniň ýolbaşçysy ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň orunbasary bilen duşuşdy

8-nji iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow iş sapary bilen Aşgabada gelen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy boýunça orunbasary Sara Rojers bilen duşuşdy. Bu barada......

05.06.2026 18:04
5.7k+

Gyrgyzystan ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna saýlandy

Gyrgyzystan öz taryhynda ilkinji gezek BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň 2027–2028-nji ýyllar döwri üçin hemişelik däl agzalygyna saýlandy. Bu barada Guramanyň resmi portalynda habar berildi....