Coca-Cola emeli aňyň kömegi bilen döredilen gazly içgini hödürledi

  • 17.09.2023 12:53
  • 22k+

Coca-Cola emeli aň bilen hyzmatdaşlykda döredilen adaty bolmadyk tagamly, çäkli mukdarda Y3000 içgisini çykardy. Bu barada öndürijiniň metbugat gullugy habar berdi.

Futuristik içginiň özboluşly tagamyny döretmek üçin brend emeli aňyň ideýalaryny we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen janköýerleriň geljegiň nähili bolup biljekdigi baradaky pikirlerini birleşdirdi. Içginiň gaplamasynyň “Ýagty geljegi” alamatlandyrýan adaty däl dizaýny hem neýroulgam bilen bilelikde döredildi.

“Biziň maksadymyz - janköýerlerimiz üçin garaşylmadyk we jadyly pursatlary döretmek. ““Coca-Cola” -nyň wagta dahylsyzlygyndan ylham alyp, her kimiň geljegiň nähili bolup biljekdigi baradaky pikirini bellemek isleýäris. Coca-Cola Y3000 Zero Sugar emeli aň tehnologiýasyny ulanyp, içgimiziň geljekde nähili bolup biljekdigini görkezýär "- diýip, Coca-Cola-nyň global strategiýa boýunça uly müdiri Oana Wlad belledi.

Şol bir wagtyň özünde, öndüriji gazly içginiň tagamynyň nähili boljakdygyny ýa-da düzümine haýsy goşundylaryň girjekdigini aýtmaýar. Düzüminde şekeriň mukdary azaldylan bu üýtgeşik täze önümi ABŞ-da, Kanadada, Hytaýda, Ýewropada we Afrikada satyn almak bolar.


17.06.2026 11:11
1.4k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.3k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......