ABŞ suwuklandyrylan tebigy gazyň iň uly eksportçysy boldy

  • 17.09.2023 12:47
  • 9.6k+

ABŞ-nyň Energetika maglumatlary agentliginiň habaryna görä, şu ýylyň birinji ýarymynda ABŞ suwuklandyrylan tebigy gazyň (STG) eksport möçberi boýunça lider adyny aldy. Amerikan STG-niň, aýratynam, Ýewropa eksporty geçen ýyl ýokarlandy diýip, “Golos Ameriki” belleýär.

Ýanwar aýyndan iýun aýy aralygynda ABŞ günde ortaça 328 mln kub metr töweregi STG eksport etdi, bu bolsa geçen ýylyň degişli döwründäkiden 4% köpdür diýip, Energetika ministrligi habar berdi.
Energetika maglumatlary agentliginiň habaryna görä, ABŞ-dan eksportyň ösüşi, esasan, ikinji iň uly amerikan STG eksportçysy bolan Freeport LNG terminalynyň işiniň gaýtadan dikeldilmegi bilen baglanyşyklydyr.
Terminalyň işi 2022-nji ýylyň iýun aýynda bolan ýangyndan soň togtadylypdy.
Agentligiň maglumatlaryna görä, dünýäde ikinji iň uly STG eksportçysy Awstraliýadyr (günde, takmynan, 300 mln kub metr), üçünji orunda Katar ýerleşýär (294 mln kub metr).


20.06.2026 11:54
4.6k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......

12.06.2026 21:08
11k+

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça Saud Arabystanyndan we Russiýadan öňe geçdi

ABŞ taryhda ilkinji gezek nebit eksporty boýunça dünýäde birinji orna çykdy we köp ýyllaryň dowamynda bu babatda öňdebaryjylygy elden bermedik Saud Arabystanyny hem-de Russiýany yzda galdyrdy. Reuters......

08.06.2026 19:01
4.9k+

OPEK+-e agza ýurtlar iýul aýynda nebit çykarylyşyny artdyrar

OPEK+-e agza ýedi ýurt iýul aýynda nebit çykarylyşy boýunça umumy möçberi gije-gündizde 188 müň barrel artdyrmak barada ylalaşdy. Şeýle çözgüt öň iýun aýy üçin hem kabul edilipdi....