Porsche Taycan kötele çykmakda ýene bir gezek Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi

  • 16.09.2023 23:25
  • 17k+

Porsche kompaniýasy Taýcan elektrik ulagy tarapyndan goýlan täze rekordy yglan etdi. Uniwersal Cross Turismo 10 günde 5,5 kilometrden gowrak belentlige çykmagy başardy. Dünýäde hiç bir elektrik ulagynyň bir syýahatda beýiklige çykmakda beýle üýtgeşmäni başdan geçirmändigi nygtalýar.

Syýahat Hytaýyň Aýding kölüniň iň pes nokadyndan başlandy we Tibetde Huntu-Daban depesinde tamamlandy. Iki Porsche Taycan Cross Turismo deňiz derejesinden 218,845 metr aşaklykda bat aldylar we 2783 kilometr ýol geçenden soň deňiz derejesinden 5355,134 metr belentlige çykdylar.
Elektrikli awtoulaglar diňe bir rahat asfalt ýollardan geçmeli bolman, eýsem dünýäniň geçmesi iň kyn hasaplanýan ýerlerinden hem geçmeli boldular. Mundan başga-da, syýahat birden temperaturanyň üýtgemegi bilen çylşyrymlaşdy.
Elektrikli awtoulaglaryň ýany bilen siwilizasiýadan üzňe ýerlerde ulanylýan ýük awtoulag şassisinde oturdylan ykjam zarýad beriş stansiýasylary gitdiler. Porsche awtoulag ýollarynyň birinde geçelgäni geçende, sürüjiler ulagyň ýöreýiş ätiýajynyň köpelendigini bellediler. Bu rekuperasiýa ulgamynyň uzak inişde işlemegi bilen düşündirilýär: pellehana tarap hereket edilende külterlenmeli geçelgäniň beýikligi 4 müň metrden geçýär.
Kompaniýa ekstremal syýahatyň diňe bir elektrik awtoulagynyň mümkinçiliklerini barlamagyň ýene bir usulyna öwrülendigini belleýär. Täze rekord sürüjileri batareýaly ulaglarda uzak aralyga syýahat etmek barada täzeçe pikirlenmäge höweslendirmek üçin niýetlenendir.


29.05.2026 11:37
2.6k+

Porsche islegiň pese gaçmagy sebäpli batareýaly elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini togtatmaga mejbur boldy

Porsche kompaniýasy dilerleriň köne önümler satylýança täze sargytlary kabul etmek islemeýänligi sebäpli, Suffenhauzen zawodynda elektrik Taycan awtoulagynyň önümçiligini 8-nji iýuna çenli wagtlaýyn togtatdy....

27.05.2026 19:09
7k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......

13.05.2026 23:24
3.1k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

12.05.2026 14:52
2.3k+

Bir ýarym sagatda 74 km süýşme: XPeng P7 yzgarly ýolda drift boýunça rekord goýdy

XPeng P7 elektromobili yzgarly ýolda dolandyrylýan süýşme (drift) arkaly 73,594 kilometr aralygy geçip, Ginnesiň rekordlar kitabyna girdi. Bu barada XPeng Motors kompaniýasynyň ýolbaşçysy He Sýaopen mälim etdi....