Ispaniýanyň La Ligasy dünýädäki iň uzyn atly klubuň hemaýatkäri boldy

  • 15.09.2023 17:40
  • 22k+

Ispaniýanyň La Ligasy resmi saýtynda bir sözden ybarat bolan dünýädäki iň uzyn atly uels futbol kluby bilen bir ýyllyk hemaýatkärlik şertnamasyny baglaşandygyny habar berdi. Muny rsport.ria.ru ýetirýär.

Clwb Pêl Droed Llanfairpwllgwyngyllgogerychwyrndrobwllllantysiliogogogoch atly uels kluby Llanwaýr-Pullguingill obasynda ýerleşýär. Toparyň ady sözme-söz “Joşgunly girdabyň we gyzyl gowagyň golaýyndaky mukaddes Tisilio buthanasynyň ýanyndaky ak pyntyk agajynyň oýluk ýerindäki mukaddes Mariýa buthanasy” diýlip terjime edilýär. Klubuň adynda 58 harp we bäş LL birleşmesi bar. La Liganyň täze logotipinde hem LL harplary şekillendirilendir.
La Liganyň logotipi 2023/2024-möwsüminde klubuň egin-eşiginde peýda bolar. Topar Uels çempionatynyň bäşinji diwizionynda çykyş edýär.


şu gün 13:51
3.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

düýn 14:33
11k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.1k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......