UEFA-nyň howandarlygyndaky oýunlar indiki hepdäniň ahyryna çenli bir minut dymyşlyk bilen başlar

  • 15.09.2023 17:37
  • 13k+

Ýewropanyň Futbol assosiasiýalarynyň birleşiginiň (UEFA) howandarlygynda geçirilýän milli ýygyndylaryň we klub ýaryşlarynyň oýunlary indiki hepdäniň ahyryna çenli Marokkodaky ýertitremäniň we Liwiýadaky suw joşmasynyň pidalarynyň hatyrasyna bir minut dymyşlyk bilen başlar. Bu barada guramanyň X sosial ulgamyndaky resmi akkauntyna salgylanyp, rsport.ria.ru habar berýär.

9-njy sentýabra geçilýän gije Marokkoda 6,9 bal ululykda ýertitreme boldy. Onuň merkezi Marrakeşden 80 km uzaklykda, on km çuňlukda ýerleşýär. Ondan soň 4,8, 3,4, 3,2 we 3,3 bal ululykdaky azyndan dört ýertiremesi boldy. Ölenleriň sany 2,9 müň adamdan geçdi.
Liwiýanyň gündogarynda “Daniel” siklony netijesinde bolan suw joşmasynyň pidalarynyň sany 5,3 müň adamdan geçdi, birnäçe müň adam dereksiz ýiten diýlip hasaplanylýar. Ýurduň gündogaryndaky Susa we Derna şäherleri tebigy betbagtçylygyň zolaklary diýlip yglan edildi.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....