Älem gözeli bäsleşiginde ýaş çäklendirmesi aradan aýryldy

  • 15.09.2023 14:43
  • 22k+

1952-nji ýyldan bäri geçirilip gelinýän «Älem gözeli» gözellik bäsleşigi indi gyzlaryň ýokary ýaş çäklendirmesini aradan aýyrdy. Ozal gatnaşyjylar üçin ýaş çäklendirmesi bardy – 28 ýaş. Düzgünnamadaky üýtgeşmeler barada häzirki Älem gözeli, amerikaly R’Bonni Gabriel Nýu-Ýorkda geçirilen Moda hepdeliginiň çäklerindäki «Tanner Fletcher» brend sergisinde yglan etdi.

Gabrieliň aýdanlaryndan soň, «Älem gözeli» guramasy özüniň «Instagram» sosial ulgamyndaky sahypasynda şeýle mazmunly beýany çap etdi.
Beýanda çäklendirmeleriň ähli «Älem gözeli» bäsleşiklerinde we onuň bilen baglanyşykly bäsleşiklerde ýatyrylandygy yglan edildi.

«Bu üýtgetme 2024-nji ýylda bütin dünýäde geçiriljek ýaryşlara degişlidir. Şu pursatdan başlap dünýädäki her bir uly ýaşly zenanyň «Älem gözeli» bäsleşigine gatnaşmaga hukugy bardyr» diýlip, habarda bellenilýär

R’Bonni Gabrieliň özi 29 ýaşyndadyr we bu ýaryşyň iň uly ýaşly ýeňijisidir. Ol täjini bäsleşik üçin aňryçäk ýaşda – 28 ýaşynda aldy.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....