iPhone 15-de meşhur konsol oýunlary ornaşdyrylar

  • 15.09.2023 07:12
  • 24k+

«iPhone 15 Pro» we «15 Pro Max» smartfinlarynda alty sany grafiki ýadrosy we reýtreýsing tehnologiýasy bolan iň soňky «A17 Pro» prosessory ornaşdyryldy, bu bolsa olarda hatda iň soňky wideo oýunlaryny hem konsol hilli grafika bilen oýnamaga mümkinçilik berýär.

«iPhone 15 Pro» we «15 Pro Max» smartfonlarynyň oýun mümkinçiliklerini görkezmek üçin «Apple» oýun studiýalaryndan «Death Stranding» (2019), «Resident Evil 4» (2023) we «Resident Evil Village» (2021) ýaly häzirki zaman taslamalaryny iOS-a geçirmegi haýyş etdi. Bu oýunlaryň hemmesi 2023-nji ýylyň ahyryna çenli App Store-da elýeterli bolar. Soň bolsa, 2024-nji ýylyň birinji ýarymynda «Assassin's Creed Mirage» beýleki oýun platformalary bilen birlikde «iPhone» üçin çykarylar.
«Apple» 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda «iPhone 15 Pro-ny» we «15 Pro Max-y» tanyşdyrdy. Täze önümleriň esasy aýratynlyklarynyň biri hem ýokarda agzalan «A17 Pro» prosessordyr. «A17 Pro» üç nanometrlik tehproses boýunça döredilen dünýäde ilkinji çip boldy. «Apple-da» bellenilişi ýaly, munuň özi «iPhone 15 Pro-ny» we «15 Pro Max-y» dünýäniň iň güýçli oýun smartfonlaryna öwürmäge mümkinçilik berdi.
«Apple-iň» täze smartfonlary 22-nji sentýabrda satuwa çykarylar. Şeýle-de bolsa, käbir ýurtlarda täze smartfonlary öňünden sargyt etmek mümkindir.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...