Apple iPhone 15 smartfonlaryny we täze iWatch sagatlaryny hödürledi

  • 14.09.2023 00:05
  • 17k+

Apple kompaniýasy smartfonlarynyň täze neslini – iPhone 15 smartfonlaryny hödürledi. Smartfonlaryň täze hatary 6,1 we 6,7 dýuým ekranly we bäş reňkde– gara-çal, ak, ýaşyl, sary we gülgüne reňklerde iki model bilen hödürlener. Smartfonlar 48 Mp esasy kamera we A16 hem-de A17 prosessorlary bilen enjamlaşdyrylar. Batareýanyň bir zarýady, kompaniýanyň aýtmagyna görä, bütin güne ýeter diýip, TASS habar berýär.

Mundan başga-da, ekranyň çarçuwalary has inçe bolar, onuň üsti bolsa telefony mehaniki täsirden goramaga gönükdirilen ýörite keramiki örtük bilen örtüler.
Ilkinji gezek Apple smartfonlarynyň Pro we Pro Max wersiýalarynyň korpusy titandan ýasalar, kompaniýanyň bellemegine görä, önümçilikde kosmos senagatynda Marsy öwrenmek üçin hereket edýän enjamlary döretmekde peýdalanylýan ergin ulanylýar. Şunuň netijesinde, täze iPhone Pro Max özünden öňkülerden ýeňil bolar, şeýle-de bu wersiýa bäş gezek optiki ulaltma kamerasy bilen üpjün ediler. Smartfonlaryň täze hatary üçin deslapky sargytlary anna gününden resmileşdirmek bolar, täze gajetleriň resmi satuwy 22-nji sentýabrda başlar.
Mundan başga-da, Apple dokuzynjy nesliň täze iWatch seriýasyny, şeýle-de ikinji nesil iWatch Ultra modelini hödürledi. Olar beýlekiler bilen bir hatarda ses dolandyryş funksiýasyny kämilleşdirmäge mümkinçilik berjek täze S9 prosessory we geolokasiýa funksiýasynyň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen U2 mikroçibi bilen üpjün ediler. Täze iWatch sagatlarynyň zarýady 18 sagada ýeter, “akylly sagatlaryň” ekrany bolsa öňkülere garanda iki esse ýagty bolar.
Şeýle-de, kompaniýa öz gurluşlary üçin aksessuarlaryň önümçiliginde hakyky derini ulanmakdan ýüz öwürjekdigini we gaýtadan işlenen plastik ýaly materiallary köp ulanjakdygyny nygtady.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...