Apple-däki iOS has «akyllanar»

  • 13.09.2023 15:27
  • 10k+

«Apple» sesli kömekçi «Siri-ni» has akylly etmek üçin «iOS 18-de» dil modellerini ulanmagy meýilleşdirýär. Bu barada «MacRumors» neşiri habar berýär.

«Siri» gysga haýyşlar bilen çylşyrymly meseleleri ýerine ýetirmegi öwrener diýlip garaşylýar. Birnäçe surata düşümek, olary GIF animasiýasyna öwürmek we görkezilen alyja ibermek şeýle amala mysal hökmünde getirilýär.
Maglumatlara görä, «iOS 18-de» sesli kömekçi «Siri» «Ýarlyk» aýratynlygy bilen berk integrasiýada bolar. "Ýarlyk" bir gezek düwmä basmak arkaly «iOS-da» dürli opsiýalary ýerine ýetirmek üçin gysga ssenariýalary işe girizmäge mümkinçilik berer.
Çeşme täzelenmä köpden bäri garaşylýandygyny belleýär, sebäbi «Apple-iň» köp sanly muşdaklary «Siri-niň» pes mümkinçiliklerini köpden bäri tankytlaýardylar. «Apple-iň» emeli aň ulgamyny ösdürmekde yza galýandygy «Google Assistent» we «Amazon-yň» «Alexa» ulgamlarynyň ýanynda has beter göze ilýärdi.
«Apple» «Siri-niň» täze aýratynlyklaryny diňe 2024-nji ýylyň tomsunda «iOS 18-iň» tanyşdyryljak WWDC maslahatynyň çäginde aýan eder.


13.03.2026 16:33
3.1k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...

09.03.2026 19:31
1.1k+

Apple Music EA tarapyndan döredilen aýdym-saza bellik girizmäge başlar

Apple Music hyzmaty emeli aň arkaly döredilen kontente bellik goýmaga başlar. Bu barada NME neşiri habar berýär. Täze düzgünlere görä, distribýutorlar saz, tekst, klip ýa-da obložka döredilende emeli aňyň ulanylandygyny ýa-da ulanylmandygyny görkezmeli bolarlar...

02.03.2026 22:21
5.1k+

Apple arzan bahaly iPhone 17e modelini tanyşdyrdy: satuw 11-nji martda başlar

Apple kompaniýasy özüniň elýeterli smartfon hatarynyň täze modelini — iPhone 17e smartfonyny hödürledi. Täze model öňki iPhone 16e modeliniň dizaýnyny we ekranyň ölçegini saklap galdy. Hususan-da, smartfonda öňküsi ýaly ýokarsy gönüburç «oýukly» ekran ulanylýar...

27.02.2026 19:22
1.3k+

App Store dükanynda ulanyjylaryň ýaşyny tassyklaýan täze ulgamlar işe girizildi

Beýleki köp sanly iri kompaniýalaryň mysalyna eýerip, Apple dürli döwletleriň we sebitleriň kanunçylyk talaplaryna laýyk gelmek maksady bilen App Store dükanynda ulanyjynyň ýaşyny barlaýan ýörite gurallary işe girizdi...