Aýlygy 100 müň dollardan geçýän dünýäde iň gereklenýän 10 hünär

  • 13.09.2023 15:06
  • 44k+

Ladders iş gözleýiş hyzmaty 100 müň dollar aýlykly iň gereklenýän hünärleriň sanawyny çap etdi. Saglygy goraýyş we tehnologiýa geljegi uly ugurlar boldy.

Ladders-iň gözleginiň netijeleri CNBC tarapyndan çap edildi. Sanawyň awtorlarynyň bellemegine görä, ýokary aýlyk almak üçin üç ýyldan köp tejribäň ýa-da alymlyk derejäň bolmagy hökman däl. "Häzirki wagtda kompýuter ylymlary fakultetiniň uçurymlary karýerasynyň başynda 100 müň dollardan geçirip aýlyk alýarlar"- diýip Ladders-iň esaslandyryjysy we karýera boýunça bilermen Mark Senedella mälim etdi.
Ladders 2023-nji ýylda iň köp boş iş orunly we aýlygy 100 müň dollardan ýokary 10 hünäri kesgitledi: 

  • Programma üpjünçiliginiň inženeri (Software engineer);
  • Uly inžener-programmist (Senior software engineer);
  • Projekt-menejer;
  • Kliniki psiholog;
  • Ulgam inženeri;
  • Kliniki sosial işgär (Licensed clinical social worker);
  • Diş lukmany;
  • Programma üpjünçiliginiň menejeri;
  • Ilkinji lukmançylyk-sanitar kömegi lukmany (Primary care physician);
  • Psihiatr.

Şeýle-de bolsa, 100 müň dollar aýlygy bu hünärleriň hemmesi kepillendirilmeýär. Mysal üçin, häzirki wagtda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda jemgyýetçilik işgäri ortaça 61 776 dollar aýlyk alýar diýip, Indeed habar berýär.
Muňa garamazdan, Ladders-iň gözlegine laýyklykda, sanawda görkezilen hünärleriň köpüsiniň başlangyç aýlygy 100 müň dollardan başlanýar. Munuň özi köp sanly kompaniýalara hünärmenleriň ýetmeýändiginden, şol sebäpli olaryň hünärli işgärleri işe çekmek maksady bilen olaryň aýlyk haklaryny galdyrýandygyndan habar berýär.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......