“Barbi” filmi onlaýn elýeterli boldy

  • 12.09.2023 17:00
  • 14k+

Şu ýylyň iň meşhur filmi bolan “Barbi” Internet ulgamynda-da peýda boldy. Şu günden başlap kartina günbatar onlaýn hyzmatlarynda tomaşa etmek üçin elýeterlidir. Bu barada championat.com habar berýär.

“Barbi” dünýä prokatynda 1,4 mlrd dollardan gowrak girdeji ýygnap, Mario doganlary baradaky multfilmden öňe geçdi we ýylyň iň girdejili filmi boldy.
“Barbi” dünýädäki iň meşhur gurjagyň hakyky dünýä düşüp, durmuşdan lezzet almak üçin ideal bolmagyň we hemmelere ýaramagyň hökmany däldigine düşünişi barada gürrüň berýär.
“Barbi” filmini Greta Gerwig surata düşürdi. Lentada Margo Robbi, Raýan Gosling, Simu Lýu, Maýkl Sera we beýlekiler oýnady.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.6k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.5k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......