Samsung Note 10 smartfonlaryny goldamagyny bes etdi

  • 12.09.2023 15:08
  • 12k+

«Samsung» 2019-njy ýylda çykan «Galaxy Note 10» flagman smartfonlaryny goldamagyny bes etdi. Bu barada SamMobile portaly habar berýär.

Günorta Koreýaly korporasiýasy «Galaxy Note 10» enjamlaryny könelişen hasaplaýar we olar üçin hiç hili täzelenme, şol sanda howpsuzlyk ulgamlaryny çykarmaz. Munuň özi bu telefonlary ulanmagy dowam edýän ulanyjylar üçin töwekgelçilik döredip biler, çünki ulgamda geljekde döräp biljek kemçilikler düzedilmez.
Android 9» ulgamynda işleýän «Samsung Galaxy Note 10» we «Galaxy Note 10+» 2019-njy ýylyň awgust aýynda tanyşdyryldy. Bu nusgalar üçin elýeterli operasion ulgamynyň iň soňky nusgasy «Android 12» boldy. 2020-nji ýylyň ýanwar aýynda «Samsung» häzirki wagtda täzelenmeleri almagyny dowam etdirjek «Galaxy Note 10 Lite» smartfonyny çykardy.
Çeşmäniň bellemegine görä, «Samsung-yň» «Galaxy Note 10-ny» goldamagyny bes etmek karary korporasiýanyň ünsüni «Galaxy S» we «Galaxy Z» ýaly beýleki smartfon nusgalaryna gönükdirmegi bilen baglanyşyklydyr.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...