ABŞ-da suwlary arassalamak üçin «janly» material döredildi

  • 12.09.2023 15:01
  • 8.3k+

Kaliforniýanyň San-Diýego uniwersitetiniň alymlary suwy hapalaýjylardan arassalap biljek täze material taýýarladylar. Ol 3D usulynda çap edilen gurluşdyr.

Materialyň esasyny alginat – deňiz suwotylaryndan alnan tebigy polimer düzýär. Ol gel ýagdaýyna gelýänçä nemlendirilip, fotosintezirleýän sianobakteriýalar bilen garyldy.
Bakteriýalar organiki hapalaýjylary zyýansyz molekulalara öwürýän lakkaza fermentini bölüp çykarmak üçin genetiki taýdan üýtgedildi. Şeýle hem olar teofillin molekulasy (çaýyň we şokoladyň düzüminde bar) bilen gatnaşyga girenlerinde öz-özüni ýok edip bilýärler. Bu häsiýet arassalamak işleri tamamlanandan soňra suwy bakteriýalardan arassalamaga mümkinçilik berýär.
Alymlar polimer materialyň biologiki ulgam bilen birleşmeginiň, gyjyndyryjlara adaty sintetiki maddalar üçin elýeterli bolmadyk usullarda reaksiýa berýän «janly» material döretmäge mümkinçilik döredendigini aýtdylar.
Synaglar iň amatly görnüşiň tor şekilli gurluşydygyny görkezdi. Ol bakteriýalaryň işjeňligini saklamak üçin iň amatlysydyr. Mundan başga-da, bu şekilde sianobakteriýalaryň köpüsi materialyň üstünde ýerleşýär we ýokumly maddalara, gazlara we ýagtylyga elýeterlilik alýar diýip, «Nature Communications» habar berýär.


düýn 10:53
1.8k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.7k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.6k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....