iPhone 15 seriýasyna degişli smartfonlaryň ölçegleri mälim edildi

  • 11.09.2023 17:35
  • 17k+

Täze «iPhone» nusgalarynyň hemmesi diýen ýaly «Apple-iň» 2022-nji ýyldaky smartfonlaryndan has ýeňil bolar. Bu barada «MacRumors» habar berýär.

Şeýlelikde, «iPhone 15-iň» galyňlygy, uzynlygy we ini, degişlilikde, 7,8 mm, 147,6 mm we 71,6 mm bolar. Agramy – 171 gr. Deňeşdirsek: «iPhone 14-iň» ölçegleri 7,8 mm, 146,7 mm we 71,5 mm, agramy bolsa 172 gramdyr.
«iPhone 15 Pro-nyň» galyňlygy 8,25 mm, uzynlygy 146,6 mm we ini 70,6 mm. Agramy – 188 gr. «iPhone 14 Pro-nyň» ölçegleri: 7,85 mm, 147,5 mm we 71,5 mm, şeýle hem 206 gram.
«iPhone 15 Pro Max-yň» galyňlygy, uzynlygy we ini, degişlilikde, 8,25 mm, 159,9 mm we 76,7 mm. Agramy – 221 gr. Öňki nusganyň ölçegleri we agramy – 7,85mm, 160,7mm, 77,6mm we 240 gram.
«MacRumors-yň» bellemegine görä, häzirki we täze nesil «Pro» nusgalarynyň agramlarynyň arasynda şeýle uly tapawudyň bolmagy olaryň gabaralarynyň dürli materiallardan ýasalmagy bilen baglanyşyklydyr. «IPhone 14 Pro» we «14 Pro Max» poslamaýan polatdan ýasalan bolsa, täze enjamlarda titan peýdalanyldy. Esasy «iPhone-da» iki ýagdaýda-da material hökmünde alýuminiň ulanylmagy sebäpli olaryň agramynyň arasyndaky tapawut ujypsyzdyr.
«iPhone 15 Plus-yň» ölçegleri mälim edilmedi.
«iPhone 15» seriýasynyň tanyşdyrylyş dabarasy 2023-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda geçiriler.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...