Xiaomi Redmi Note 13 Pro-ny bildiriş etdi

  • 11.09.2023 12:10
  • 18k+

Ice Universe onlaýn habarçysy käbir jikme-jiklikleri tassyklaýan Redmi Note 13 Pro-nyň täze posterini çap etdi.

Bu hatar bir çipli MediaTek Dimensity 7200 ulgamyny we 200 MP durulykda Samsung ISOCELL şekil datçigini alar. Maglumat eýýäm Xiaomi Group -yň prezidenti we Redmi brendiniň baş müdiri Lu Weýbing tarapyndan tassyklandy.
Lu Weýbing Redmi Note 13 Pro-ny “täze King-Kong” diýip atlandyrýar we smartfonyň ilkinji görkezilişiniň şu aýyň ahyryna çenli boljakdygyny tassyklaýar.
Maglumatlara görä, Redmi Note 13 we Note 13 Pro 5120 mAh we 67 watt zarýadly batareýalary alar. Has köne model Note 13 Pro + 120 watt zarýad we 5000 mAh akkumulýator hödürlär. Üç smartfonyň hemmesinde 1,5K durulykdaky displeýler bolar.


22.02.2026 01:33
3.9k+

Xiaomi-niň ýolbaşçysy täze Xiaomi 17 Ultra-nyň kamerasynyň mümkinçiliklerini görkezdi

Xiaomi korporasiýasynyň ýolbaşçysy Lu Weýbing Xiaomi 17 Ultra flagman smartfonynyň dünýä derejesindäki tanyşdyrylyşynyň öňüsyrasynda enjamyň kamerasynda düşürilen täze suratlary paýlaşdy. Smartfonyň resmi tanyşdyrylyşy "MWC 2026" sergisiniň öňüsyrasynda, 2026-njy ýylyň 28-nji fewralynda bolar...

14.02.2026 18:43
1.5k+

Baýramçylyk arakesmesi: Xiaomi Hytaý täze ýyly sebäpli HyperOS täzelenmelerini wagtlaýyn duruzdy

Xiaomi kompaniýasy Hytaýda bellenilýän täze ýyl baýramçylygy bilen baglylykda HyperOS programma üpjünçiliginiň täzelenmelerini çykarmagy wagtlaýynça bes edýär. Bu barada XiaomiTime tehnologiýa resursy habar berýär...

06.02.2026 09:00
1.4k+

HyperOS Android-iň köne kodlaryndan saplanýar: Xiaomi öz operasion ulgamyny çykarar

Xiaomi kompaniýasy özüniň HyperOS operasion ulgamyny düýpli täzeläp, onuň düzümindäki könelen Android kodlaryny hususy komponentleri bilen çalşyrmagy meýilleşdirýär. Bu barada belli tehnologiýa insaýderi «Digital Chat Station» habar berýär...

21.01.2026 10:50
2.3k+

Xiaomi smartfonlar üçin örän inçe daşky akkumulýatory çykardy

Xiaomi smartfonlar bilen gündelik ulanmak üçin magnitli ultra inçe daşky akkumulýatory hödürledi. Aksessuar bazarda iň ykjam magnit pauerbanklarynyň hataryna girýär. Akkumulýatoryň ýogynlygy 6 mm, agramy 98 g barabar...