Gazagystan Ýewro-2024-e gatnaşmaga hukuk gazanyp biler

  • 11.09.2023 11:01
  • 10k+

Gazagystanyň milli ýygyndysy 2024-nji ýylda geçiriljek Ýewropa çempionatynyň saýlama ýaryşynyň toparçalaýyn tapgyrynyň altynjy aýlawynda Demirgazyk Irlandiýanyň milli ýygyndysyndan üstün çykdy.

Duşuşyk Astana şäherindäki «Astana Arena» stadionynda geçirildi we Mihail Adiýewiň tälimçilik edýän toparynyň peýdasyna 1:0 hasabynda tamamlandy.
Ýeňijileriň düzüminde oýnuň ýeke-täk goluny 27-nji minutynda «Aktobe» toparynyň 21 ýaşly hüjümçisi Maksim Samorodow tora girizdi, oňa «Astananyň» 30 ýaşly goragçysy Abzal Beýsebekow ýardam pasyny berdi.
Bu oýundan soň Gazagystan 12 utuk toplap, «H» toparçasynyň sanawynda ikinji orna çykdy, bu bolsa oňa indiki ýyl Germaniýada geçiriljek sebitleýin çempionata gönüden-göni gatnaşmaga hukuk berýär.
Demirgazyk Irlandiýa bolsa alty oýundan soň üç utuk toplamagy başardy. «H» toparçada Finlýandiýanyň milli ýygyndysy birinji orny eýeleýär, toparyň 12 utugy we ätiýaçda ýene bir oýny bar.
Indiki oýunda gazagystanlylar Daniýanyň milli ýygyndysyna garşy oýnarlar, duşuşyk 14-nji oktýabrda Kopengagendäki «Parken» stadionynda geçiriler.


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....