Hans-Diter Flik Germaniýanyň milli ýygyndysynyň baş tälimçiliginden boşadyldy

  • 10.09.2023 21:31
  • 11k+

Hans-Diter Flik Germaniýanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi wezipesinden boşadyldy. Bu barada German futbol birleşiginiň (DFB) Metbugat gullugy habar berýär.

Şeýle hem onuň kömekçileri Markusr Zorg we Danni Rýol boşadyldy.

"Germaniýanyň milli ýygyndysy soňky görkezen netijelerinden soň, täze itergä mätäç - diýip, Metbugat gullugy DFB-niň prezidenti Bernt Noýendorfyň sözlerini getirýär.

Baş tälimçiniň wezipesini Rudi Fýoller ýerine ýetirer.
Germaniýanyň milli ýygyndysy ýer eýesi hökmünde Ýewro-2024 çempionatyna gatnaşar. Şonuň üçin hem olar saýlama tapgyra gatnaşmaýarlar. Mart aýynda ýoldaşlyk duşuşygynda Germaniýanyň Perudan gazanan ýeňşi nemes ýygyndysynyň iň soňky ýeňşidir. Şondan bäri, nemesler Belgiýadan (2:3), Polşadan (0:1), Kolumbiýadan (0:2), Ýaponiýadan (1:4) ýeňildi, şeýle hem Ukraina bilen deňme-deň oýnadylar (3:3).


şu gün 16:18
1.6k+

DÇ-2026-nyň iň ýokary zähmet hakyny alýan futbolçylary we tälimçileri

Futbol boýunça dünýä çempionaty Ýer ýüzüniň iň güýçli oýunçylaryny bir ýere jemleýär. ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän bu gezekki ýaryşa 48 sany milli ýygyndy geldi we olaryň her biri öz düzümine 26......

düýn 19:10
5.7k+

«Real» Mourinýunyň şertnamasyny «Benfikadan» 15 mln ýewro satyn aldy

«Benfika» kluby özüniň X sosial ulgamyndaky sahypasynda Madridiň «Realynyň» Lissabon klubunyň baş tälimçisi Žoze Mourinýu bilen şertnamany möhletinden ir ýatyrmak üçin 15 million ýewro töländigini mälim etdi.......

düýn 10:53
7.4k+

«Real» UEFA-dan «Barselonanyň» elinden 23 tituly almagy talap edýär

Madridiň «Realy» Ýewropanyň futbol assosiasiýalarynyň birleşigine (UEFA) ýüz tutup, «Barselonanyň» Ispaniýanyň eminler komitetiniň öňki wise-prezidenti Enrikes Negreýra pul tölän döwründe gazanan ähli......

09.06.2026 22:01
5.8k+

«Liwerpulyň» rowaýaty Diwok Origi 31 ýaşynda karýerasyny tamamlady

«Liwerpulyň» we Belgiýanyň milli ýygyndysynyň öňki hüjümçisi Diwok Origi 31 ýaşynda professional futbol karýerasyny tamamlaýandygyny resmi taýdan mälim etdi....