Wenesiýa film festiwalynyň “Altyn ýolbarsy” Ýorgos Lantimosyň “Garyplar- betbagtlar” filmine gowşuryldy

  • 10.09.2023 16:35
  • 5.7k+

Wenesiýa film festiwalynyň baş baýragyny — “Altyn ýolbarsy” gresiýaly režissýor Ýorgos Lantimosyň “Garyplar-betbagtlar” filmi aldy. Dabara Wenesiýa film festiwalynyň twitterinde ýaýlyma berildi. Ýeňijileriň sanawy festiwalyň web sahypasynda çap edildi.

“Kümüş ýolbars” – Eminleriň Gran-pri baýragy ýaponiýaly režissýor Rýusuke Hamagutiniň “Ýamanlyk ýok” filmine gowşuryldy.
Italiýaly režissýor Mateo Garroneniň “Men - kapitan” filmi iň gowy režussura üçin “Kümüş ýolbars” baýragyna mynasyp boldy.
Mişel Frankonyň “Ýatlama” filmindäki keşbi üçin Piter Sarsgaard iň oňat aktýor, Sofiýa Koppolanyň “Prissilla” filmindäki keşbi üçin Keýli Speni iň oňat aktrisa baýragyny aldylar.
Iň oňat ssenariýanyň baýragy çilili režissýor Pablo Larrainiň “Graf” filminiň edebi ýazgysy üçin Pablo Larrain bilen Gilýermo Kalderona berildi.
Emin agzalarynyň ýörite baýragy polşaly kinorežissýor Agnişka Hollandyň “Ýaşyl serhet” filmine berildi.

düýn 17:04
1.9k+

Robot MACH 33-den geýinýär: Seulda geçirilen moda görkezilişinde ynsanpisint robotlar podiuma çykdylar

Seulda geçirilen ýokary tehnologiýaly moda görkezilişinde adamlar we ynsanpisint robotlar meňzeş lybaslarda tirkeşip podiuma çykdylar....

20.05.2026 12:28
2k+

Calvin Klein «BTS-den» Çonguk bilen bilelikde kolleksiýa hödürledi

Calvin Klein markasy we «BTS» toparynyň agzasy Çonguk ilkinji bilelikdäki kolleksiýasyny taýýarlady diýip, «WWD» neşiri habar berýär....

12.05.2026 18:30
1.7k+

Dior Wenesiýadaky «Altyn öýi» dikeltmäge gatnaşýar

Dior moda öýi «Venetian Heritage» guramasy bilen bilelikde Wenesiýanyň binagärlik we medeni mirasyny gorap saklamaga gönükdirilen täze uly göwrümli taslama başlady....

06.05.2026 18:18
4.6k+

«Moda edil sungat ýaly» mowzugy bilen geçen Met Gala 2026-da ýyldyzlar nähili geÿindi??

4-nji maýda Nýu-Ýorkda Met Gala dabarasy geçirildi. 2026-njy ýylda dabaranyň geýim medeniýeti (dress-code) «Moda — bu sungatdyr»  diýen kesgitleme boýunça geçdi....