«Samsung» dizaýner Tom Braun bilen bilelikde döreden lýuks smartfonyny görkezdi

  • 10.09.2023 12:57
  • 21k+

«Samsung» meşhur dizaýner Tom Braun bilen bilelikde «Galaxy Z Fold 5» smartfonynyň we «Galaxy Watch 6» sagadynyň lýuks toplumyny tanyşdyrdy. Lýuks toplum çäkli möçberde, enjamlar üçin dürli esbaplary öz içine alýan ajaýyp portfelde satuwa çykarylar diýip, GSMArena portaly habar berýär.

«Samsung Galaxy Z Fold 5 Thom Browne» smartfony aýna gurluşly hem-de «Braun» moda brendine mahsus bolsan gyzyl, ak we gök zolakly arka paneli bilen üpjün edildi, kameranyň çarçuwasy we halkasy altynsow reňkde taýýarlanyldy. Üýtgeşmeler alýan «One UI» ulgamynda-da girizildi, onda özboluşly animasiýalar we ykjam goşundylaryň nyşanlary peýda boldy. Smartfonyň ýanyna iki sany deri daşlyk we deri daşlygy bolan «S Pen» stilusy goşulýar.
«Galaxy Watch 6 Thom Browne» akylly sagady bolsa brendiň nyşany nagyşlanan altyn çaýylan korpusy bilen tapawutlanýar. Toplumda gara reňkli we «Thom Browne» reňkindäki zolakly iki sany deri gaýyş hem bar. Şeýle hem topluma sagat üçin elektrik üpjünçiligi blogy, kabel we magnitli zarýad beriji girýär.
Aýratyn lýuks toplumy käbir bazarlarda çäkli möçberde satuwa çykarylar. Moda toplumynyň resmi bahasy yglan edilmedi, ýöne onuň bahasynyň 3219 dollar boljakdygy çaklanylýar.


11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

11.04.2026 10:19
3.3k+

Samsung her dördünji ýewropalynyň iliň telefonyna jyklaýandygyny anyklady

Samsung tarapyndan geçirilen barlaga we Delfi agentliginiň berýän maglumatyna görä, Ýewropanyň ýaşaýjylarynyň ýarysyndan gowragy (56%) jemgyýetçilik ýerlerinde iliň telefonynyň ekranyna seredendiklerini boýun......

23.03.2026 00:03
5.8k+

Samsung Galaxy S26 Ultra-ny yzyna gaýtarmakdan ýüz öwrenlere 250 dollara çenli pul hödürleýär

«Samsung Galaxy S26 Ultra smartfonlaryny ulanýanlar kompaniýanyň enjamy yzyna gaýtarmakdan ýüz öwren ýagdaýynda, olara 250 dollara çenli öwez puly berilýär» diýip WCCFTech neşiri ýazýar. Ulanyjylaryň aýtmagyna görä, şeýle teklibi smartfon barada şikaýat ýa-da satyn alnan önümden närazylyk bilen kömek gullugyna ýüz tutanyňdan soň alyp bolýar...

24.02.2026 09:33
1.5k+

Samsung Galaxy S26 smartfonlaryna Perplexity emeli aň agentini goşar

Samsung geljekki Galaxy S26 smartfonlar hatarynda Galaxy AI ulgamynyň mümkinçiliklerini giňeldýär. Platformanyň täzelenen görnüşine Perplexity emeli aň (EA) agenti goşular. Öndüriji bu barada Galaxy Unpacked tanyşdyrylyşyndan birnäçe gün öň habar berdi...