Apple talyplar üçin arzan noutbuklary öndürer

  • 09.09.2023 19:54
  • 12k+

«Apple» kompaniýasy «Google Chromebook» arzan noutbugy bilen bäsleşjek täze noutbuk çykarmagy meýilleşdirýär. Bu barada DigiTimes portaly habar berýär.

Bellenilmegine görä, «Apple-iň» arzan noutbugy demir korpusa eýe bolar we bahasy 1000 dollardan arzan bolar. Bu kompaniýanyň ygtybarly we elýeterli kompýuterler talap edilýän bilim pudagyndan we orta işewürlikden müşderileri çekmegine mümkinçilik berer. Häzirki wagtda kompaniýa öz «iPad-lary» üçin ýörite bilim edaralary üçin niýetlenen nyrhlary hödürleýär.
«DigiTimes» «Apple-iň» esasy üpjün edijileri bolan «Quanta Computer» we «Foxconn» kompaniýalaryndan täze noutbuk üçin gurluşlary sargyt edendigini belleýär. Täze önümiň 2024-nji ýylyň ikinji ýarymynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar.
Häzirki wagtda «Apple» noutbuklary iki nusgada hödürlenýär: «MacBook Air» we «MacBook Pro». Olaryň bahalary, degişlilikde, 999 dollardan we 1299 dollardan başlanýar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...