Gonkonga 139 ýylyň içinde iň güýçli çabga geldi

  • 09.09.2023 16:15
  • 30k+

Hytaýa güýçli çabga geldi. Gonkongda 140 ýyldan gowrak wagtyň içinde gelen iň güýçli çabga sebäpli 100-den gowrak adam şikes aldy we azyndan bir adam heläk boldy. Günorta Hytaý hem tebigy betbagtçylyga sezewar boldy, Şençžen şäherinde howa edilen gözegçilikleriň taryhynda ýagyş depgini boýunça iň güýçli çabga geldi.

 

Anna gününe geçilen agşam Gonkongyň Meteorologiýa Obserwatoriýasy 1884-nji ýyldan bäri iň güýçli çabga geljekdigi barada gara belgili harasat duýduryşyny berdi. Duýduryşyň bu derejesi 2021-nji ýylyň oktýabr aýynda ilkinji gezek girizilipdi. Meteorologlaryň berýän maglumatyna görä, ýerli wagt bilen sagat 23:00-dan 24:00-a çenli (Aşgabat wagty bilen sagat 20:00-dan 21:00-a çenli) şähere 158,1 mm ygal düşdi, bu howa 139 ýyllyk yzygiderli gözegçilikleriň iň ýokary görkezijisidir. Umuman alanyňda, 24 sagatdan hem az wagtyň içinde, takmynan, 600 mm ygal düşdi, bu ýyllyk normanyň dörtden bir bölegidir.
Güýçli çabga “Haýkuý» harasadynyň döreden pes basyşy sebäpli ýüze çykýar. Tupan duýduryşynyň gara derejesi şäherde 16 sagat 35 minutlap dowam etdi, bu bolsa tutuş gözegçilikleriň taryhynda rekord bolupdy. Öňki rekord 1999-njy ýylda goýlupdy: gara duýduryş yşaraty 5 sagat 47 minut dowam edipdi.

 


17.06.2026 11:34
5.3k+

Germaniýada zäherli gurçuklar sebäpli mekdepleri we seýilgähleri ýapmaly bolýar

Öň habar berşimiz ýaly, tomsuň düşmegi bilen Germaniýanyň birnäçe sebitinde howply mör-möjekleriň - Thaumetopoea processionea kebelek gurçugynyň çozmagy bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Indi saglyga howpludygy......

16.06.2026 09:56
10k+

Filippindäki ýer titremesi deňziň düýbüni iki metr ýokary galdyrdy

Filippinde bolup geçen 7,8 magnitudaly ýer titremesi deňziň düýbüniň iki metr ýokary galmagyna getirdi. Bu ýagdaý hatda Mindanao adasynyň kenar ýakasyny hem üýtgetdi....

15.06.2026 22:20
5.6k+

Planetamyz her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirýär: asyryň başyndan bäri bu ýitgi iki essä golaý artdy

Earth-iň hasaplamalaryna görä, dünýäde her ýyl 10 million gektar töweregi tokaý ýitirilýär, bu ýitginiň 96%-i tropiki sebitlerde bolýar. 2001-nji ýyldan 2024-nji ýyla çenli agaç örtüginiň ýitgisiniň möçberleri......

15.06.2026 18:47
5.6k+

Ispaniýadaky tokaý ýangyny 330 gektar meýdana ýaýrady we raýatlaryň göçürilmegine getirdi

Ispaniýanyň La-Korunýa welaýatynyň Padron häkimligine degişli Erbon obasynda dörän tokaý ýangynyny häzirki wagta çenli söndürip bolmady. Iň soňky çaklamalara görä, ot 330 gektara golaý meýdany weýran etdi,......