Ýemelýanenko, Taýson we Aly UFC 5 oýnunda peýda bolarlar

  • 09.09.2023 16:06
  • 34k+

Garyşyk söweş sungatynyň (MMA) russiýaly söweşijisi Fýodor Ýemelýanenkonyň gahrymany EA Sports kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen UFC 5 oýnunda peýda bolar. Bu barada TASS habar berdi.

Ýemelýanenkodan başga-da, giňeldilen neşiriň eýeleri goşmaça gahrymanlar hökmünde boksçy Maýk Taýsony we Muhammet Alyny alarlar.
Ýemelýanenko 46 ýaşynda, MMA-da 40 ýeňşi we 7 ýeňlişi bar, ýene bir söweşi hasaba alynmady. Ol Pride, Rings we WAMMA guramalarynyň çempiony, dört gezek dünýä çempiony we söweş sambosynda dokuz gezek Russiýanyň çempiony boldy.
Taýson 57 ýaşynda; professional halkada 50 ýeňiş gazandy (44 nokaut bilen) we 6 ýeňlişi bar. Amerikaly bu söweşiji super agyr agram derejesinde dünýä çempiony boldy we Bütindünýä boks geňeşiniň, Bütindünýä boks birleşiginiň we Halkara boks federasiýasynyň dünýä çempiony guşaklarynyň eýesi boldy.
Muhammet Aly 1942-nji ýylda doglan, dünýä inende oňa Kassius Kleý-kiçi ady dakylypdy, ýöne 1964-nji ýylda yslam dinini kabul edeninden soň ony üýtgetdi. Ali 1960-njy ýylda ýarym agyr agramda Olimpiýa çempiony, agyr agramda dünýäniň absolýut çempiony (1964-1966, 1974-1978) boldy. Boksçy 61 söweşe gatnaşyp, olaryň 56-synda ýeňiş gazandy (37-si nokaut bilen). Aly 2016-njy ýylda aradan çykdy.


01.05.2025 14:27
12k+

UFC-iň söweşijisi hakyndaky täze filmde Aleksandr Usik Dueýn Jonson bilen oktagona çykar

A24 studiýasy amerikaly aktýor Dueýn “Gaýa” (“Скала”) Jonsonyň we Ukrainanyň agyr agram derejesindäki ýeňilmezek boksçysy Aleksandr Usigiň oýnan “Ýumurýan maşyn” (“Крушащая машина”) sport dramasynyň ilkinji treýlerini çykardy...

06.04.2025 12:49
6k+

Gaý Riçi UFC-niň öňki söweşijisi barada “Ýoldaky jaý” filminiň dowamyny düşürer

Gaý Riçi Amazon üçin “Ýoldaky jaý” (Дом у дороги) filminiň dowamyny düşürer. UFC-niň öňki söweşijisi Elwud Daltonyň keşbini ýene-de Jeýk Jillenhol ýerine ýetirer diýip, World of Reel habar berýär. Taslamanyň sýužeti...

02.04.2025 09:48
2.4k+

Zak Snaýder Dana Uaýt bilen UFC-niň söweşijisi barada film düşürer

Zak Snaýder UFC-de üstünlik gazanmaga çalyşýan los-anjelesli söweşiji barada “Brawler” atly filmini düşürer. Variety neşiriniň habar bermegine görä, Snaýder diňe bir režissýor däl, eýsem ssenariniň awtory we prodýuser...

10.01.2025 17:10
6.2k+

UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Meta korporasiýasynyň müdirler geňeşine girdi

Iň abraýly söweş promouşeni bolan UFC-niň prezidenti Dana Uaýt Meta korporasiýasynyň müdirler geňeşiniň agzasy boldy. Bu barada korporasiýanyň esaslandyryjysy we ýolbaşçysy Mark Sukerberg Facebook sahypasynda habar...