Dreýkiň we The Weeknd-iň sesi bilen emeli intellekt tarapyndan ýazylan aýdym “Gremmi” baýragyna dalaş edip biler

  • 09.09.2023 12:36
  • 6.6k+

Dreýkiň we The Weeknd-iň seslerine öýkünýän emeli intellektiň kömegi bilen döredilen “Heart on My Sleeve” aýdymy “Iň gowy aýdym” we “Iň gowy rep aýdymy” kategoriýalarynda “Gremmi” baýragyna dalaşgär görkezilip bilner. Bu barada Variety ýazýar diýip, thecity.m24.ru belleýär. Häzirki wagtda ol komissiýanyň garamagyndadyr.

Neýroulgamyň kömegi bilen aýdymy döreden awtor özüni Ghostwriter diýip tanatdy. Teksti onuň özi oýlap tapdy, wokaly bolsa emeli intellekt döretdi. “Gremmi” akademiýasynda nominasiýanyň kanuny boljakdygy, sebäbi aýdymyň adam tarapyndan döredilendigi bellenilýär. Beýleki bir tarapdan, aýdym baýraga dalaş edip bilmez, çünki ol resmi striminglerde görkezilmedi. Ol awtorlyk hukuklarynyň bozulmagy sebäpli aýryldy.
Dreýkiň we The Weeknd-iň “Heart on My Sleeve” aýdymyna hiç hili gatnaşygy ýok we aýdymyň “Gremmi” baýragyna dalaş edip biljekdigine hiç hili teswir bermediler.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......