Ýeriň ýaşaýjylary 437 ýyldan bir gezek golaýdan uçýan kometany görüp bilerler

  • 09.09.2023 12:44
  • 17k+

Demirgazyk ýarym şarynyň ýaşaýjylary 2023-nji ýylyň awgust aýynda açylan 437 ýyldan bir gezek Nisimura kometasyny görmek mümkinçiligini gazanarlar. Onuň gözýetimde bolýan iň ýokary derejesi indiki dynç günleri bolar. Bu barada “Guardian” habar berýär diýip, rbclife.ru belleýär.

Nisimura kometasy 17-nji sentýabrda Güne iň ýakyn ýerden geçip, ondan 33 mln km uzaklykda bolar. Şondan soň ol Ýeriň golaýyndan 125 mln km aralykda geçer.
Alymlar asman jisimini oňyn howa şertlerinde ýönekeý göz bilen görüp boljakdygyny belleýärler. Kometany düzüminde tozana garanda gazyň köpdügi sebäpli eýe bolýan ýaşylymtyl guýrugy bilen kesgitläp bolar.

“Iň gowusy – Weneradan çep tarapda demirgazyk-gündogar ugurda Gün dogmazyndan ozal asmana seretmekdir” – diýip, Pariž obserwatoriýasynyň astrofizigi Nikolýa Biwer belleýär.

C/2023 P1 ylmy adyny alan Nisimura kometasy 11-nji awgustda ýüze çykaryldy. Ol ony tapan astronom-söýüji Hideo Nisimuranyň hormatyna atlandyryldy.


19.05.2026 16:54
9.5k+

Suratçy Günüň öňünden geçip barýan uçaryň iň gowy suratyny almak üçin 1,7 million kadr düşürdi

Älem giňişligini surata düşürmekde meşhur suratçy Endrýu MakKarti Günüň edil öňünden geçip barýan uçary we şol pursat Günüň ýüzünde dörän iki sany uly otly tütüni bir kadra sygdyrmak üçin 6 günüň dowamynda 1,7......

15.05.2026 11:27
7.7k+

ABŞ-nyň iň demirgazyk şäherinde 84 günläp gündizlik höküm sürer

Alyaskanyň Utkiagwik şäherinde «ýarym gije Gün» döwri başlandy. Indiki 84 günüň dowamynda Gün ol ýerde gije-gündizläp gözýetimiň ýokarsynda galar....

11.04.2026 10:28
4k+

Artemis II missiýasy tamamlandy: Aýa aýlanyp gaýdan «Orion» sag-aman Ýere gondy

NASA-nyň «Orion» kosmos gämisi «Artemis II» missiýasynyň ekipažy bilen Ýere sag-aman dolanyp geldi. Soňky 50 ýyldan gowrak wagtyň içinde ilkinji gezek adamlaryň gatnaşmagynda Aýa uçup, yzyna dolanylmagy bu......

09.04.2026 23:43
4k+

«Artemis II» missiýasynyň suratlary näme üçin jedel döretdi?

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde äleme ýol alan «Artemis II» ekipažy tarapyndan düşürilen Ýer şarynyň täze suratlary sosial torlarda birgiden jedellere sebäp boldy. Ýöne gowur turuzmaça-dä däl, hakykatdan hem......