Animaccord studiýasy “Maşa we Aýynyň” täze möwsümini çykardy

  • 09.09.2023 14:06
  • 15k+

“Maşa we Aýy” animasion serialynyň ýedinji möwsümi YouTube-da çykdy. Bu barada Animaccord studiýasynyň metbugat gullugy habar berýär diýip, portal-kultura.ru belleýär.

“Maşa we Aýy” multserialynyň ilkinji bölümlerini eýýäm onlaýn görnüşde görmek bolýar. Studiýanyň metbugat gullugy täze möwsümiň çykarylandygyny TASS-a tassyklady.
Şeýle-de, studiýa sýužetiň tokaýyň çäginden daşary giňeljekdigini hem belledi. Gahrymanlar şäher ýerlerine düşerler.
“Aýynyň öýünde şäher ýaşaýjylary peýda bolar, “Maşa we Aýy: 12 aý” täze ýyl ertekisiniň gahrymanlary – Ýanwar, Dekabr we beýlekiler bolsa seriýalaryň doly derejeli gahrymanlary bolar” – diýip, metbugat gullugy belleýär.
Animaccord studiýasynyň rus animasion taslamasy halkara tomaşaçylaryň arasynda mekdebe çenli ýaşly çagalar üçin iň isleg bildirilýän taslama diýlip ykrar edildi. “Maşa we Aýy” dünýäde YouTube-da iň köp tomaşa edilýän animasion film bolmagynda galýar. Umumy tomaşa sany 147 milliarddan geçýär. Taslama ýedi brilliant wideohosting düwmesini gazandy we 45-den gowrak dilde görkezilýär.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......