«Mortal Kombat» oýnunda aktrisa Megan Foks peýda bolar

  • 08.09.2023 17:43
  • 20k+

«Mortal Kombat 1» söweş oýnunyň awtorlary Nitara atly gahrymanyň keşbini meşhur aktrisa we model Megan Foksyň ýerine ýetirendigini habar berdiler. Bu barada oýnuň resmi kanalynda ýerleşdirilen wideoda habar berildi.

Megan Foks diňe bir wampir söweşijä ses bermän, eýsem, öz keşbini hem sowgat berdi – işläp düzüjiler Nitarany aktrisanyň keşbinde we oňa meňzeş görnüşde döretdiler.
Nitara ilkinji gezek «Mortal Kombat» oýunlar toplumynyň 2002-nji ýylda çykan «Mortal Kombat: Deadly Alliance» oýnunda peýda boldy. Ol Waternus äleminden bolan gan bilen iýmitlenýän hakyky wampirdir, ýöne beýleki wampirlerden tapawutlylykda, Nitara otrisatel gahryman däl, ol öz halkyna hyzmat edýär.
«Mortal Kombat 1» 19-njy sentýabrda çykar we şahsy kompýuterler, «PlayStation 5», «Xbox Series X/S» hem-de «Nintendo Switch» oýun enjamlarynda elýeterli bolar.

düýn 20:25
4.6k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
5.7k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.6k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......