Yandex YandexGPT neýrosetini täzeledi

  • 08.09.2023 17:38
  • 4.3k+

Yandex YandexGPT neýrosetiniň täze wersiýasyny çykardy. Täze YandexGPT 2 dil modeli, döredijileriň pikiriçe, birinji wersiýa garanyňda has köp dürli meseläni çözüp biler we jogaplarynyň hili ep-esli ýokarlandy. Şeýlelikde, YandexGPT 2 jogaby dürli ulanyjylara uýgunlaşdyryp, ony beýleki stillerde we žanrlarda täzeden ýazyp biler. Neýroset, meselem, çaga çylşyrymly adalgalary ýönekeý sözler bilen düşündirip ýa-da direktoryň buýrugyny düşnükli hat görnüşinde işgärlere täzeden ýazyp berip biler. Täzelenen neýroset uzynlygy müň simwola çenli islendik teksti derňemäge, olar baradaky sowallara jogap bermäge we maglumatlary tertiplemäge ukyplydyr.

Synaglara görä, YandexGPT 2 67% ýagdaýynda öňküsinden has gowy jogap berýär; netijelere takyklygy, dolulygyny, hakykata laýyklygy, grammatiki we stilistik taýdan dogrulygy we başgalary öz içine alýan köp ölçegleri göz öňünde tutup, baha berildi. YandexGPT 2 Yandex programmasynda “Alisa” “Geliň, oýlanyşyp tapalyň” režiminde,  “Yandex stansiýalarynda”, “Alisa”-ly telewizorlarda, “Ýandeks Brauzerinde”, gözleg netijeleriniň sahypasynda we ya.ru-da eýýäm bar. ru. Ýandeks toparynyň belleýşi ýaly, gözlegde we brauzerde işlemek has amatly bolar ýaly, “Alisa”-ly çat indi doly ekrana giňeldilip bilner.


17.06.2026 11:11
1.3k+

Özbegistanda baýragy 100 müň dollara çenli bolan EA startaplarynyň bäsleşigi döredildi

Özbegistanyň Ministrler Kabineti «Emeli aň ulgamynda iň gowy startap» adyny almak ugrundaky her ýylky «President AI Award» bäsleşigini geçirmegiň resminamasyny tassyklady....

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

11.06.2026 23:59
7.1k+

Howlukmaçlyk edilipdir: kompaniýalar emeli aň sebäpli boşadan işgärlerini yzyna çagyrýarlar

Işewürlik dünýäsi «EA-bumerang» diýlip atlandyrylýan garaşylmadyk täze bir ýagdaý bilen ýüzbe-ýüz boldy. Emeli aňy ornaşdyrmak we işi awtomatlaşdyrmak üçin işgärlerini köpçülikleýin işden çykaran kompaniýalar......

03.06.2026 15:15
3.6k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......