Mail.ru poçtasy möhüm habarlary tapawutlandyrmagy öwrendi

  • 08.09.2023 17:03
  • 4.2k+

VK topary Mail.ru poçtasynda işe girizilen täze aýratynlygy yglan etdi. Hyzmatda ulanyjy üçin hatlaryň ähmiýetlisini özbaşdak kesgitleýän akylly algoritm bar, şonuň üçin hakykatdanam möhüm habary ýitirmek mümkinçiligi azalýar. Ýyldyrymyň nyşany görnüşindäki bildiriş hatyň kesgitli alyjy üçin ähmiýetlidini görkezer.

Döredijileriň pikiriçe, her bir ulanyjy üçin hatyň ähmiýeti olaryň gyzyklanmalaryna baglylykda aýratyn kesgitlenýär. Islendik hat, mysal üçin, sürüjiniň ýol gözegçiligi gullugyndan alan jerimesi ýa-da onlaýn dükana edilen sargyt baradaky maglumat möhüm bolup biler. Düzgüne görä, hat bir aýlap ýyldyrymyň nyşany bilen bellikli durar ýa-da ol okalýança aýrylmaz, diňe şondan soň bellik awtomatiki usulda ýitip gider.

düýn 20:25
5.1k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
6.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......