Polestar brendi öz smartfonyny çykarar

  • 08.09.2023 17:01
  • 7.5k+

Geely konserniniň düzümine girýän Polestar kompaniýasy öz smartfonyny çykarmak bilen Hytaý bazarynda 4 indeksli kros-kupeniň satuwyna başlar. Markanyň başlygy Tomas Ingenlatyň CNBC teleýaýlymyna beren habaryna görä, smartfon hem, elektrik awtoulagynyň media ulgamy hem bir operasiýa ulgamynda işlär.

Taslama ulanyjynyň smartfony bilen elektrik ulagynyň media ulgamynyň arasynda “üznüksiz” baglanyşygyň bolmagy üçin amala aşyryldy. Tomas Ingenlatyň sözlerine görä, bu ugurda henizem käbir kynçylyklar bar, şonuň üçin Polestar 4 üçin aňrybaş integrirlenen enjam dörediler.
Ony hem Geely konserniniň düzümine girýän Meizu kompaniýasy döreder. Smartfony hem, Hytaýdaky Polestar 4 -iň bort elektronikasyny hem Meizu FlyMe operasiýa ulgamy dolandyrar, kross-kupe bolsa Google-yň operasiýa ulgamy bilen Ýewropa gider.
Köpçülikleýin bazar üçin gajetleri öndüriji hasaplanýan Meizu üçin Polestar smartfony ilkinji premium önüm bolmagy mümkin. Her niçigem bolsa, Tomas Ingenlat öňe sürjek geljekki ösüşi barada şu pikirinde durýar .

düýn 20:25
5k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
6.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......