«Heinz» üwmejiň reňkindäki diwar boýagyny döretdi

  • 08.09.2023 12:29
  • 11k+

Dünýäde ilkinji gezek «Heinz Tomato Ketchup» we «Lick» kompaniýalary bilelikde önüm çykardylar we ony çäkli mukdarda hödürlediler diýip, gazeta.ru «Leicestermercury» neşirine salgylanyp habar berýär.

«Lick» kompaniýasy gurandan soň «Heinz Tomato Ketchup» üwmejiniň reňkini alýan pigmentleriň özboluşly garyndysyny döretdi.
«Gyzyl reňk ähli reňk spektrleriniň arasynda iň uzyn tolkuna eýedir. Ol bizde fiziki reaksiýa döredýän, biziň ilkinji görýän we duýýan reňkimiz. «Gyzyl HTK 57» hem şeýle güýçli we özüne çekiji reňk, ol baýlygy we çuňlugy bilen öýe hemişelik özüne çekiji öwüşgin berýär» diýip, «Lick» kompaniýasynyň interýerleriň dizaýny boýunça müdiri we reňk psihology Taş Bredli gürrüň berdi.
Şeýle hem ol reňkiň tebigy önümleriň bişmegi we süýjüligi bilen baglanyşyklydygyny, onuň aňda işdäniň açylýandygy hakynda duýgyny döredip biljekdigini sözüniň üstüne goşdy.

«Biz özboluşly hyzmatdaşlyk taslamalaryny gowy görýäris we çäklendirilen «Red HTK 57» boýagyny hödürländigimize begenýäris. «Heinz» üwmejiniň muşdaklarynyň ony biziň sousymyzy gowy görüşleri ýaly gowy görjekdiklerini we bu ajaýyp reňki öýlerinde ulanmakdan lezzet alýandyklaryny umyt edýäris» diýip, «Heinz» kompaniýasynyň jemgyýetçilik gatnaşyklary we brendi ösdürmek boýunça bölüminiň ýolbaşçysy Týago Rapp belledi.

düýn 20:25
5k+

Sürüjileriň dykgatyna: yssy howada awtoulagyň salonynda nämeleri galdyrmaly däl

Awtoulagyň salonyndaky ýokary yssylyk dürli zatlary zaýalap ýa-da olary çynlakaý howpa öwrüp biler. Hünärmenler tomsuna sürüjileriň ulagda ýygy-ýygydan galdyrýan, ýöne salonda goýulmagy asla maslahat......

düýn 20:19
6.2k+

Messiniň maşgalasy onuň kakasynyň ölümi baradaky gürrüňleri ret edip, KHBS-i adamkärçilige çagyrdy

Argentinanyň milli ýygyndysynyň kapitany we «Inter Maýami» klubunyň hüjümçisi Lionel Messiniň maşgalasy resmi beýanat bilen çykyş edip, onuň 68 ýaşly kakasy Horheniň saglyk bilen bagly çynlakaý kynçylyklary......

düýn 19:55
4.9k+

Londonda iki ýolagçy otlusynyň çaknyşmagy netijesinde 90-a golaý adam ejir çekdi

Britaniýanyň ulag polisiýasy Londondan, takmynan, 100 km demirgazykda iki otlynyň çaknyşmagy netijesinde maşinistiň heläk bolandygyny we 89 adamyň dürli derejeli şikesleri alandygyny habar berdi. ...

düýn 16:49
2.1k+

Benksiniň «Gül zyňyjy» eserine $7,2 mln baha kesildi: ol auksiona çykarylar

«Sotheby’s» auksion öýi britaniýaly köçe suratkeşi Benksiniň «Söýgi howada galgaýar» diýlip atlandyrylýan, emma köplenç «Gül zyňyjy» ady bilen has gowy tanalýan eserini Londonda söwdalaşyga çykarar. Harydyň iň......