Ýaponiýanyň Nissin kompaniýasy kofeinli tiz bişýän aş döretdi

  • 07.09.2023 20:07
  • 10k+

Ýaponiýanyň tiz bişýän tagam öndürmekde ýöriteleşen Nissin kompaniýasy kofeinli tiz bişýän aş çykardy. Bu barada CNN ýazýar.

Öndüriji täze tagamyň kompýuteriň başynda köp oturyp, wagtly-wagtynda naharlanmagy unudýan oýunçylar üçin amatlydygyna ynanýar. Tagam ulanyjylara çalt garbanmaga we şol bir wagtyň özünde olaryň göwnüni götermäge kömek etmeli.

“Ýaponiýanyň ilatynyň arasynda oýunçylaryň sany ýylsaýyn köpelýär, esasanam ýaşlaryň arasynda bu meşhurlyga eýe bolýar. Käbir maglumatlara görä, olaryň sany 50 milliondan geçipdir" - diýip, brendiň wekilleri tagamyň wajyplygyny delillendirýärler.

Energiýaly aşyň iki hili tagamy hödürlener: sarymsakly we gara burçly. Şeýle-de, oňa goşundylaryň arasynda krewetka, doňuz eti, ýumurtga we kelem hem bolar. Adaty bolmadyk täze tagam 18-nji sentýabrda Ýaponiýada satuwa çykarylar. Bahasy 280 iýen bolar.


18.06.2026 22:13
5.1k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....

27.05.2026 10:18
9k+

Ýaponiýada 1200 ýyllap ýanyp duran «Ebedi ot» ybadathanasyny ot aldy

Ýaponiýanyň Miýadzima adasynda ýüze çykan uly ýangyn netijesinde 806-njy ýyldan bäri (1200 ýyldan gowrak wagt) dowamly ýanyp duran ebedi ody öz içinde saklaýan meşhur «Reýkado» ybadathanasy doly ýanyp, kül......