Çempionlar ligasy, Ýewropa ligasy we Konferensiýalar ligasy näçe girdeji getirýär

  • 07.09.2023 18:53
  • 12k+

Ýewrokuboklar diňe bir abraý däl-de, eýsem puldur. Bu ýaryşlaryň gatnaşyjylara goşmaça näçe pul getirýändigi barada bombardir.ru aşakdaky maglumatlary berýär.

Çempionlar ligasy – 2023/24 näçe pul getirer?
Bu ýaryşyň umumy baýrak gaznasy – 2 mlrd ýewro. Onuň bölünişi şeýle (maglumatlar AS saýtyndan):

  • - Her klub 15,64 mln ýewrodan alar;
  • - Toparlaýyn tapgyrda ýeňiş – 2,8 mln ýewro;
  • - Toparlaýyn tapgyrda deňme-deňlik – 900 müň ýewro;
  • - 1/8 finala çykmak – 9,6 mln ýewro;
  • - Dörtden bir finala çykmak – 10,6 mln ýewro;
  • - Ýarym finala çykmak – 12,5 mln ýewro;
  • - Finala çykmak – 15,5 mln ýewro;
  • - ÇL-de ýeňiş – ýene 4,5 mln ýewro.

Goşmaça tölegler – klublaryň oýunlaryny görkezmek hukugy üçin 330,3 mln möçberli fond. Ol aýratyn toparlar bilen oýunlaryň görkezilmeginiň meşhurlygyna baglylykda paýlanýar.
Ýeri gelende bellesek, Çempionlar ligasynyň toparlaýyn tapgyry häzirki formatda soňky gezek geçirilýär. Indiki möwsümden başlap bir umumy liga bolar.

Ýewropa ligasy – 2023/24 näçe girdeji getirer?
Umumy baýrak gaznasy – 465 mln ýewro. Bölünişi şeýle görnüşde:

  • - Toparlaýyn tapgyra çykmak – 3,63 mln ýewro;
  • - Toparda ýeňiş – 630 müň ýewro;
  • - Toparda deňme-deňlik – 210 müň ýewro;
  • - Toparda 1-nji ýer – 1,1 mln ýewro;
  • - Toparda 2-nji ýer – 550 müň ýewro;
  • - Pleý-offa çykmak – 500 müň ýewro;
  • - 1/8 finala çykmak – 1,2 mln ýewro;
  • - Dörtden bir finala çykmak – 1,8 mln ýewro;
  • - Ýarym finala çykmak – 2,8 mln ýewro;
  • - 2-nji ýer – 4,6 mln ýewro;
  • - Ýeňiş – 8,6 mln ýewro.

Konferensiýalaryň ligasy – 2023/24 näçe pul getirer?
Häzirlikçe umumy girdejiniň paýlanyş derejesi barada resmi çeşmelerden ýa-da ygtybarly medialardan takyk maglumatlar ýok. Ýöne dürli çeşmeler ýaryşyň baýrak gaznasynyň 235 mln ýewrodygyny ýazýarlar. Geçen ýyl bilen deňeşdirilende, ol 6,7% artdy.


düýn 19:46
6.9k+

Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň topary we goly yglan edildi

Ýewropanyň Futbol Assosiasiýalarynyň Birleşiginiň tehniki synçylar topary Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň toparyny we iň gowy on goluny saýlady. Bu barada UEFA-nyň resmi sahypasynda habar berilýär....

düýn 19:25
5k+

Arda Güler Çempionlar ligasynda 2025/26 möwsüminiň «açyşy» diýlip yglan edildi

«Realyň» ýarymgoragçysy Arda Güler UEFA-nyň tehniki synçylarynyň baha bermegi boýunça UEFA-nyň Çempionlar ligasynda «Möwsümiň açyşy» diýlip yglan edildi....

düýn 19:24
2.4k+

Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysy boldy

Fransiýanyň «Pari Sen-Žermen» toparynyň we Gruziýanyň milli ýygyndysynyň wingeri Hwiça Kwarasheliýa Çempionlar ligasynda möwsümiň iň gowy oýunçysyna berilýän baýragyň eýesi boldy. Bu barada Ýewropanyň Futbol......

düýn 07:30
3.2k+

«PSŽ» we «Aston Willa» 12-nji awgustda UEFA-nyň Superkubogy ugrunda bäsleşer

Çempionlar ligasynyň ýeňijisi «Pari Sen-Žermeniň» we Ýewropa ligasynyň çempiony «Aston Willanyň» arasyndaky UEFA-nyň Superkubogy — 2026 ugrundaky duşuşyk 12-nji awgustda geçiriler. Oýun Awstriýanyň Zalsburg......